MEDENIÝET

Tahýalar barada söhbet

Türkmen zenanlarynyň özboluşly el işleriniň netijesi bolan tahýalar dürli ýaşdaky adamlara hem-de oglandyr gyzlara niýetlenip dikilipdir. Olar barada “Türkmenistan” gazetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Akjagül Nurgeldiýewanyň “Tahýa” atly makalasynda bellenilip geçilipdir.

Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlary haly-palas dokamagyň, keçe salmagyň inçe syrlaryny, gaýma gaýap, keşde çekmegiň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň günlerimize ýetiripdir. Her bir el işiniň özboluşly dünýäsi bar. Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan el işleriniň hersi aýratyn ähmiýete eýedir.
Çeper elli zenanlarymyz nagyşlara halkymyzyň taryhyny, göwün matlabyny, arzuw-hyýallaryny siňdiripdirler. Türkmen zenanlary gadymy döwürlerden bäri el işleriniň keşde, ilme, köjüme, basma, gaýma, depjime ýaly birnäçe usullaryny ulanyp gelipdirler.
Türkmen zenanlary atlaz, keteni, donluk gyrmyzy, çepbetow, mahmal ýaly matalardan lybas tikinipdirler. Esasan-da, owadan ýaşyl, gyzyl, gök mahmallardan köýnek, don tikipdirler, nagyşlap, çaprazlap bezäpdirler. Şeýle-de nepis keşdelenen tahýalary geýipdirler.

ÇAGA TAHÝALARYNYŇ BIRINE “SÜMMEN” DIÝILÝAR

Türkmenlerde ähli ýaşdaky adamlar üçin aýratynlykda tahýa tikilipdir. Çaga tahýalarynyň birine «sümmen» diýilýär. Sümmen keteni, gyrmyzy donluk matalardan gurnalyp tikilýär. Sümmen tahýadan, börükden tapawutlylykda, depe bilen etekden durman, uçlary inçelip gidip, depede birikdirilýär. Onuň nagyşlary aşakdan ýokary çyrmaşyp gidýän «daragt» nagşy bilen bezelýär. Etegine bolsa «gülýaýdy», «tegbent» nagyşlary salynýar.
Çaga tahýalary (börükleri) keteniden, nahdan depeli we etekli edilip bejerilip, soňra pugtama arkaly birikdirilýär. Tahýanyň agzy jäheklenip, depesi gözden-dilden goramak üçin matanyň içine gaplanan üçburç doga, dagdan agajyndan ýasalan dürli şekildäki dagdanjyk, ykryk, hurmanyň çöpi, bent, kümüş dogajyk ýaly şaýlar bilen bezelipdir.

GYZJAGAZLARYŇ GÜLTAHÝASY OLARA GÖRK GOŞÝAR
Gyzjagazlaryň tahýasyna kiçijek gupba, sümsüle ýa-da ýüpe düzülen hünji dakylypdyr. Gültahýa türkmen gyzlarynyň asyllylygyna, edepli-ekramlylygyna görk goşsa, akgaýma tahýa türkmen ýigitleriniň mertliginiň, agraslygynyň nyşany bolupdyr.
Gültahýanyň depesini etegine birikdirýän «ýylanagyz» nagşydyr. Gültahýanyň iň soňky nagşy «tegbent» bolýar. «Tegbent» tegelek bent diýmegi aňladyp, ýagny «bela-beteriň öňünde bent bolsun, tahýany geýen gyzy gözden-dilden gorasyn» diýen ýagşy niýet bilen salynýar. Tahýanyň etegine, ýagny gyrasyna goýy ýaşyl ýüpekden jähek çalynýar. Tahýa başda ykjam durar ýaly, gyrmyzy gyzyl ýüpekden işilip, jähegiň gyrasyna ýörmelýär. «Ýylanagyz» nagşy ýaman gözlerden çykýan erbet niýetleri serpikdirse, «tegbent» nagşy öz owadanlygyna ünsi çekýär-de, ýaman niýeti unutdyrýar.

TÜRKMEN TAHÝALARYNYŇ NAGYŞLARYNYŇ ÄHMIÝETI
Türkmen tahýasyna syn edenimizde, gözüňi gamaşdyryp duran dürli reňkleri görýäris. Zenanlar, esasan hem ak, gara, gyzyl, gök, ýaşyl, sary reňkleri halydyr palaslaryna, keşde-nagyşlaryna, geýim-gejimlerine siňdiripdirler. Türkmen gelin-gyzlary «gülýaýdy», «akgaýma», «egrem», «tegbent» «üzülmez», «labyr», «ýylan ýoly», «tirana» «sariçýan», «içýanagyz goçak», «siňirme» ýaly nagyşlary salnan tahýalary atalaryna, doganlaryna, jigilerine geýdiripdirler. Bu nagyşlaryň her biri türkmene mahsus häsiýetleri, durmuşyna, ruhy dünýäsine degişli maglumatlary özünde jemleýär.
Gadymy pederlerimiziň ynanjyna görä, damjanyň, tolkunyň, suwuň nagyşlardaky keşbi bereket-rysgal, hasyl bolçulygy bilen baglydyr. Ösümligiň, baldagyň, ýapragyň, gülüň, gozanyň keşbini janlandyrýan nagyşlar bolsa ýaşaýyş, uzak ömür, dowamat, bagtyýarlyk eçilýär. Ýigitleriň akgaýma tahýasyndaky «süňşük» nagşy damjanyň şekilindäki nokatlardan düzülýär. Gyzlaryň gültahýasynyň merkezi «gülýaýdy» nagşy gülüň täsin keşbini emele getirýän ownuk keşdeler dörtburçlugyň içindäki uly bolmadyk pişme görnüşli şekillerden ybaratdyr. Bu nagyş el işleriniň köpüsine salynýar. Türkmen tahýasynda ene topragyň ýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir. Ene-mamalarymyzyň tahýalara ýerleşdiren nagyşlarynyň aglabasyny Türkmenistanyň çäklerinde Jeýtun, Änew, Daşlydepe, Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri ýaly ýadygärliklerden ýüze çykarylan gadymy döwürlere degişli arheologiýa tapyndylarynda hem görmek bolýar. Bu bolsa türkmen tahýasynyň gözbaşyny has uzaklardan alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.

31-nji awgustdaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy