DÜNÝÄ

Szinpin: Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw berer

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna 1,5 milliard ýuan (209 million dollar) muzdsuz kömek berjekdigini aýtdy. Bu barada HHR-iň Başlygy Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitinde eden çykyşynda belläp geçdi.

HHR-iň Başlygy üstümizdäki ýylda Merkezi Aziýa döwletlerine möhüm taslamalarynyň maliýeleşdirilmegi üçin muzdsuz görnüşde 1.5 milliard ýuan möçberinde kömek bermäge taýýardyklaryny belledi.

Şeýle hem ol Hytaýyň iki ýylyň dowamynda sebitdäki ýurtlara hünär okuwlaryna gatnaşmak üçin 300 orun bermek isleýändiklerini beýan etdi.

Sammitiň jemleri boýunça taraplar Astana Jarnamasyna hem-de Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda baky dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi