HEKAÝALAR

Syryň ýazygy (hekaýa)

Obamyza gara ýol çekilmesin-ä çekilmedi, ýöne Goganyň ýüregine ak ýol, onda-da şa ýol çekildi. Men muňa obamyzyň ähli ýerine gara ýol çekilendenem beter begendim. Begenmez ýalymy näme, indi üçünji onlukdan agyp barýan adama, bagtyň ýumşak penjesi goluny bulap durka neneň begenmejek.

Meniň Goga diýýänimi siz tanaýan dälsiňiz. Ol biziň obamyzyň gyzy. Goga  birnemejik ýaşanam bolsa, entek maňlaýy açylanok. Muňa ýeke men däl, obamyz gynanýar. Ker adamlar surnaýyň sesi ters çykýandyr öýdýär. Ýok, Goga o zeýilli «kerlerden» däl. Onuň maňlaýynyň açylmaýanyna türkanalygy günäkär. Ýogsam onuňam edil beýleki gyzlaryňky ýaly jübi telefonam bar. Dogry o bilen surat-a alyp bolanok, oňa derek Goga Tejen aýagyndaky daýzasy bilen gepleşende sesi ýanynda duran ýaly eşidilýär. Ýöne ol bahym surat alýan telefonam alynjak diýýä.

Syrgynymyzyň ähli gyzy Goga bilen «jora» bolup bagtly boldy. Dogrusy olar jora bolup jora-da däl-le, bi şeýtanyrak gyzlaň tapýan oýny. Niçikmi, obamyzda toý-topur bolaýsa, olar Goganyň türkanalaygyny bilip onuň bilen bile toýa barýalar. Onsoň ýeserräk oglanam, ol ondan sypaýyrak diýip Goganyň «jorasyny» halaýar. Şeýdibem joras-a ýüküni tutýar. Goga görgülem içini. Goganyň bagty üçin ýene näçe «jorasynyň» bagtly bolmagynyň gerekdigi entejig-ä belli däl.

Üpük goja: «Bedew at çapylmasa, dutar düzülmese, ulygyz söýülmese ýörelgä ters gelýä» diýýä. Muňa men hasam gyýylýan. Goga mendenem beter kibtini gysýa. Şeýle bolanda onuň  göwnüni götermek üçin zenanlar bilen bagly bolan ähli keramatly ýerleriň ulygyzlara dahyllydygyny aýdýaryn. Ýöne oglan göwnüm, Gogany kimdir biriniň söýmegini, onda-da, hiç bir ýazyjy tarapyndan toslanmadyk, ömrüňde diňe bir gezek söýülýän söýgi bilen söýmegini isleýän. Ýöne näme diýseňem Gogy ýanyňda bolsa hezilläý. Biz edebiýatyň gürrüňini etmesegem, bütin obamyzyň gürrüňini edýäs.

Şeýle günleriň birinde Goga ikimiz uly ýoluň ugrunda tamdyrtowluk üçin çöpleme çöpläp ýörkäk gyryljygrak basyk ses eşidildi:

– Owadan gyz, suwuňyz ýokmy?..

Ýerden çykan ýaly sese ikimizem aňk-taňk bolduk. Meni haýran galdyran Goga owadan gyz diýlenligidi, Gogany haýran eden, şeýle sözi öz gulagy bilen ilkinji ýola eşidýänligidi.

Men haýdan-haý, mähetdel etmän ýanbaşymdaky mytaramy uzatdym. Görsem, Goga menden öňürdipdir.

– Alyň…

Biziň içki duýgymyzdan habarsyz ýigit, erinleriniň gyrasyndan suw akdyryp, şäherlileriň sypaýyçylygyny etdi.

– Sag boluň, owadan gyz…

Ol başga hiç zat geplemän, ýüzüniň ýarysyny tutup duran äýneginiň aýnasyny süpürişdirip, uzyn ädimleri bilen bizden daşlaşdy.

Men Goganyň süňňüniň ýeňlänini bada-bar syzdym. Ol aljyranyny duýdurmajak bolup, gyz uýaljaňlygy bilen ýeňini dişledi.

– Ol owadan gyz diýäýdimi…

Öňem ýüregim böküp duransoň men jogaby nagt etdim.

– Owadan bolsaň, owadan diýerler-dä…

Goga muňa monça bolup, ýanynda göterýän kinniwanja aýnada, öňem telim ýola görüp ýören ýüzüni ýene bir gezek ogrynça synlady. Maňa bildirmän, alyn saçyny tüýküligi bilen sypabam ýetişdi. Soňam howsalaly pyşyrdady.

– Öwekge, ol ýene gelermikä?..

Men daşlaşyp barýan nätanşyň yzyndan uly ilim bilen gygyrdym.

– Eý, ýene ýol ölçemäge obamyza geljek-m-mi?..

Ol bir zatlar diýip, sag elini galdyrdy. Biz öz ýanymyzdan «Sag elini galdyrdy, bu geljek diýdigi» diýişdik.    

Şol günden başlap, Goganyň durmuşynda akyla sygmajak üýtgeşiklik duýlup başlandy. Ýüzünde-de bir hili gorkuly gylgyrma peýda bolly. Ol soň-soňlaram ondan aýrylmady. Ýap-ýaňam ol dünýä dahyly ýok ýaly, terkidünýä bolup ýördi. Indi ony hemme zat, has owunjak zatlaram gyzyklandyryp ugrady. Hatda onuň bakyşam adaty bakyşdan hesretli bakyşa geçdi. Bardy-geldi, ýolda-yzda birneme ýaşan gyza gabat gelse-de, bir wagtlar özüne nebsagyryjy seredişleri ýaly, duýgudaşlyk bilen oňa uzak wagtlap seretdi.

Goganyň azajygam bolsa, dünýäde bagtyýar bolşuny men ýürejigim bilen begenýädim. Şonuň ýalam, şol begenjiň puja çykmagyndan gorkýadym. Goga bolsa ynsan gulagynyň eşitmedik sazyny ýeke özi eşidýän ýaly joşgunly tolgunmanyň içinde ýaşaýardy.

Bir gün ol maňa şeýle sözler bilen ýüzlendi:

– Öwekge, bagtyň haýsysy gowy bolýar?

– Elbetde, ulusy.

– Ýok, ol kiçijik bolsa, arassa hem tämiz bolýar.

Onuň neresse çaganyňky ýaly sada gözlerinde, gamgynlyk hem gaty köp wagt sabyrsyz garaşylan nyşan indi görünmeýärdi. Ol adamyny bagtly edýän arassa duýgular bilen ýaşaýardy. Men muňa Goganyň özündenem beter begenýädim.

 

               * * *

 

Alabahar emaý bilen ýetip gelipdi. Durnalar süri-süri bolup obamyzyň çetinden geçýärdi. Mylaýym şemalyň ygşylladýan, sözen agajynyň şelpelerinde çalymtyk ýaşyl uçgunjyklar görnüp gidýärdi. Edil şonuň ýaly uçgunjyklary men Goganyň gözünde-de görýärdim.

– Meň göwnüme bolmasa, biziň gummuzyň ýazy ýaly ýaz hiç ýerde ýokmuka öýdýän. Ýogsam men obamyzdan çykamogam weli… Başga ýeriň ýazyny görsem, obamyzyň ýazyna bolan söýgümiň öçerinden gorkýan.

Ol şeýle sözleri aýdanda, onuň kirpikleriniň arasyndan inçejik şöhleleriň öwüşgin atyp çykýandygyny men görýädim.

Käte men onda, nämede bolsa öz ýanyndan ýaşyryn, diňe özi üçin saklap ýören bir zatlary bar ýaly, gözleriniň uçganakladyşyny görüp, oňa sowal berýärdim.

– Nämäň pikirini edýäň?

– Söýgi diýlen adalatyň ýeriň ýüzünde ýaşaýanlygy hakda…

Men ýalt edip Goganyň ýüzüne seretdim.

“Ol bu sözleri birinden eşiden bolsa gerek”.

 

            * * *

 

Bir gezek ol öz deň-duş gyzynyň, ýöne bir eýýäm başy boglan gelniň bir çagasyny ýanap, beýleki çagasynam dyzynyň üstünde ýassanyp ýatanyny görüp, kemsiniji nazar bilen günäsiz gözlerini onda egledi. Bu görnüşi synmalak maňa-da hoş ýakýardy. Çagasyny ýanap ýatan ene hemem süýji ukuda meýmiräp ýatan oglanjyk – dünýäniň özi ýaly owadandy. Olar näçe rahat ýatdygyça, Goga-da rahatlanyp asuda dem alýardy. Gözlerinde bolsa, hiç haçan kagyz ýüzünde beýan edip bolmajak – ene bolmak arzuwy  görünýärdi. Şo pursady synlap men, Goganyň haýran galaýmaly maşgalabaşy – mährem ene bolup biljekdigi hakynda oýlandym.

Ýaş ene bir ýere gyssandymy, nämemi, ol dyzyna ýassanyp ýatan çagasyny oýarjak boldy. Ýöne oglanjyk şeýle süýji ukuda ýatyrdy, her näme bolanda-da ony oýarasyň geljek däldi.

Ene ikinji ýola oglanjygy yralanda, Goga durup bilmedi:

– Degmesene, ýatsyn-la. Ulalansoň, soň ýatyp bilmez…

 Bu Goganyň kimirsiz kalbyndan çykýan sözlerdi. Meniň oglan göwnümede şu sözleri diňe Goga ýaly adamlar aýdyp biläýjek ýalydy.

Şeýle günleriň şaýady bolup ýörkäk, Goga henize çenli obamyzdan çykyp görmänsoň, şäher hakynda sorady.

– Aýtsana Öwekge, ol oglanyň ýaşaýan ýeri – şäher gowumy?

Men uguralla jogap berdim.

– Şäherliler azajyk gysganjyrak…

Goga meniň ýüzüme mölerildi.

– Olar çaý içenlerinde limony ýedi-sekiz bölege bölýärler. Ýöne gowy ýeri şäherde gören düýşüň üýtgeşik, obanyňky ýaly däl, olar hemişe süýji düýş görýäler…

Goga ýuwaşja pyşyrdady.

– Ýazyjylary tanamak kynmy?

– Ol iň aňsady. Olar seni tanamasalaram, ýüzüňe ýylgyryp seredýärler.

– Öwekge, olar haçan ýazýalar?

– Ýazmazdan ozal ilki pikir edýäler.

– Nirede?

– Bilemok welin, gyslyşyk awtobusyň içinde barýakalar bolaýmasa…

– Meňem diri ýazyjyny göresim gelýä.

Menem diri ýazyjyny göresim gelýädi.

Göwnüme olaryň bary ýazyp-ýazyp giden ýalydylar.

 

               * * *

 

Şeýle günleriň birinde, meniň gorky gatyşykly hormat bilen garaşan zadym gapymy kakdy.

– «Owadan gyz» diýlen söz bilen söýgüniň arasy beýle daşmyka?

Goganyň görejinde sessiz sowal uçganaklady.

– Dostluk bilen söýgüniň arasy golaýmyş…

– Indi üçülenji aýyň içi ondan habar ýok…

Goganyň sesi umytsyzlyk bilen ýaňlanyp, ýürekden çykýan gamgynlygy beýan edýärdi. Bu hakyky ynsan nalasydy. Meniň ýene Gogany dünýä höweslendiresim, azajygam bolsa aladasyz ýaşadasym gelýärdi. Ýöne nädip?

Goga-da, adam diýlip ýaradylypdyr. Eger şeýle  bolsa, goý olam, adam ýaly ýaşasyn. Ertirki gün ol, ýaşlygyndan ýatlanar ýaly nämäni ýatlar? Alasarmyk howsalanymy? Diňe şonymy?

Ýöne durmuşam Öwekge däl-ä. Onuň öz ýörelgesi, ýodasy bar. Onsoňam, dünýäni men gurmadym. Allanyň guran dünýesinde bendesi baş alyp çykyp bilermikä?

Goga bolsa meniň ýüregimi üzüp, kesmekläp ugran ýaramy birsyhly dyrmalaýar. Ol maňa seredende-de, salgysyny berip bolmajak, düşnüksiz bir zatlara diňşirgenýän ýaly bolup seredýär. Gün  geçdigiçe-de, ýürek mynçgaýjy alaçsyzlyk duýgusy barha artýar. Göwnüme bolmasa, Goga  indi uzak gije ýatman zaryn aýdymlaryň gamgyn heňini düzýän ýalydy.

Bir gün barsam ol aglapdyr. Gözüniň ýaşy akmadygam bolsa, ol gözýaşyň derdinden hiç zat görmeýän ýaly bolup otyr. Bi Goganyň çagalyk günlerinden bäri ilkinji ýola aglaýşy. Aglamak utanjam bolsa, aglanyň ýagşy.                       

     

                    * * *

 

Men indi her gün öçüşip barýan, emma entek üstüniň gökje ýalny köräp duran köz ýaly gözleri görýärin.

Men indi her gün Goganyň maňlaýyna dökülip ýatan aksepen saçlary görýärin. Göwnüme bolmasa, olar köpelen ýaly.

Men indi her gün hesret büren Goganyň nalyşly sesini eşidýärin.

 

                   * * *

 

Adam öz edýän günä işini bilip etse, ol günäniň has erbedi – çürbaşy bolýar diýýäler. Men şu gün şeýle günäniň oduna ýanyp, öz elim bilen bet iş etdim – nätanşyň adyndan Goga hat ýazdym.

Goga aňyrdan meniň ýyljyraklap gelýänimi görüp, menden beter begendi.

–Näme ýylgyrýaň, teňňe tapdyňmy?

Teňňäni men ýerden köp tapýardym.

– Hat getirdim…

Goga ýürejigi bilen geň galyp ýüzüme seretdi.

– Ýüregim syzýardy, onuň habar tutjagyna. Gowy görmedik bolsa owadan gyz diýmez-dä.

Goga pyşyrdap gepleýärdi, şeýle geplese ol ýüreginiň sesini gowy eşidýän ýalydy. Soňam ol sandyrap duran barmaklary bilen bukjany açyp haty aýasynda goýdy.

– Bilýäňmi näme, aýtmaga-da utanýan… Häzir men bütin älemi aýamda saklap duran ýaly… Alla meniň haýsy eden ýagşy işim üçin oňa sataşdyrdyka…

Men Goganyň gözünde minnetdarlyk uçgunyny gören ýaly boldum.

– Öwekge, sen bilýäň-ä, men petigaranyň soňky elipbiýe kynlyk bilen düşünýänimi, al özüň oka…

Hat wagty bilen habar tutmadygyna ötünç sorap başlanýardy. Özüniň bagyşlanmagyny haýyş edip, indi ýygy-ýygydan hat ýazjakdygyny aýdýardy. Soňam ol şeýle jümleler bilen jemlenýär.

«Adaty söýgi hatlary owadan-owadan sözler bilen başlanýar. Her kim özüniň oňarmaýan zadyny boýun alsa ýagşy. Men ony başaramok..  Maňa seniň özüň düşün»…

Goga haty ýene bir ýola okap bermegimi haýyş etdi. Soň ýene…

Şol gün biz uzakly gün haty okadyk. Goga nätanşyň «Bagyşlamagyňyzy haýyş edýän» diýen ýerini kän gezek gaýtalap begençli pyşyrdady.

– Görýärmiň Öwekge, onuň şäher adamsydygy bildirip dur. Şäherliler medeniýetli gepleýär…

Soň ol menden hatyň jogabyny ýazyp bermegimi haýyş etdi. Biz uzak gije oturyp jogap ýazdyk. Ýene şo tanyş heň – saglyk-amanlyk. Ýöne Goga täze şifoner alandyklaryny, onuň goňşulary Ogulorazlaňkydan has gowudygyny, ýüzünde ullakan aýnasynyň bardygyny ýaz diýdi. Onam ýazdyk. Özüniň gurbanlyga türkleň ştapelinden alynjakdygynam aýt diýdi. Onam aýtdyk.

Şeýdibem Goganyň durmuşynda ýene bir täze ömür başlandy. Indi meniň sag  elim-ä Gogady, çep elimem nätanyş ýigit. Hatlar bolsa aý sypdyrman gelerdi. Her gezek hat ýazyp beremde-de Goga aklyk diýip bir takga dänesiz gara kişmiş berýärdi.

Men Goganyň dünýä aladasyz seredýän gara gözlerini görýärdim. Ol indi begençli habar aýtjak ýaly gaşlaryny gerýär.

Ömrüň uzak ýolunda adam söýgi bilen duşuşýar. Soňam aýal kysmaty…

Ol köne ertekilerden ýadynda galanyny gürrüň berýän ýaly gürleýärdi.

– Umyt Allanyň bize peşgeş beren iň gowy eşreti…

Käte-de ol meniň nätanşa jogap ýazjak bolup dümtünip oturanymy görüp şeý diýýärdi:

– Çyn söýgi owadan söze mätäç  däl-ä…

 

                       * * *

 

Soňky hatda gürrüň toýa ýazýardy. Ýöne arman Goga bir derde ýolugyp  ýanyny ýere berdi. Oňa çenli ol gumly gyzlaryň ýüreginde ýaşaýan ýaşyl kürtäni tikindi. Öňi çaprazly mallaý çabdyny taýýarlady. Hatda gülli ýüň jorapdyr gadymy gara galoşam alyndy. Ýitäýmesin diýip galoşyna belligem etdi. Ol şol toýa niýetlän zatlaryny bukjasyndan çykarýardy, sypalap, wawwasy bar ýaly edip ýene ýerinde goýýardy. Hasam ol öňi öňapbasyly keteni köýneginiň bozgunç ysyny öwran-öwran ysgaýardy. Soňam ol göwnüne şol nätanyş ýigit gapdalynda durup oňa ýene: «Owadan gyz suwuň ýokmy?» diýäýjek ýaly ýola seredýärdi. Ýol bolsa bir öwrüm edip, soň gum depeleriniň içine siňip gidýärdi. Goganyň oý-pikirlerem şol ýol bilen bile uzalýardy…

Hasam ol gyz dünýesi bilen gelinlik dünýesiniň arasynda ýalňyz diwar bolan kürtä köp yhlas ederdi. Sähel maý tapdygy, toýuna kör gyjakçyny çagyrjakdygyny aýdýardy.

– Öwekge men gyjagyň sesini gowy görýän-dä, ol birhili, pukara ýürekler üçin döredilen ýaly…

Menem gyjagyň sesini gowy görýärdim. Kör gyjakçy ony hasam zarynladyp çalýardy. Ony diňleseň obama-da, Goga-da, özüme-de, hatda kör gyjakçynyň özüne-de nebsim agyrýady. Goga-da men ýaly eken.

– Ýadyňa düşýämi, ho Ogulla çykanda çalan sazy, şo gezek ol aýdymam aýdypdy.

Ol şeý diýip çalaja hiňlendi. Ses betlabyz çykansoň ol aýdymyň hiňňildisine däl-de, dişi agyrýanyň iňňildisine çalym edýärdi. Onda-da ony Goganyň agzyndan diňlemek ýakymlydy. Hasam aýdymyň sözlerini diýsene. Häzirem ol meniň  çalaja ýadyma düşýär. 

 

Ýagty jahan gerekmi beri,

Biderek ömür beriljek bolsa…

 

Goga aýdyma hiňlenende onuň garaýşynda ozallar görünmeýän zadyň dörändigini syzylýady. Oňa birhili düşnüksiz heser gelip, ynanjaň gözlerine gamgynlygyň perdesi örtülýärdi.       

Men ol gürrüňleri diňläp hem begenýärdim hemem gynanýardym. Begenjim – Gogany ýene dünýä gaýtaryp getirenligimdi. Gynanjym – alaçsyzlygym. Onsoň men olaryň haýsysyny bijebaşy etjegimi bilmän dünýäniň bendiwanyna öwrülýädim.

Eger şu zatlaryň bary toslanyp tapyldy diýäýsem. Onda ol, ýagty jahana, ilkem maňa söger. Sesimi çykarman  azajygam bolsa begendiräýsem… Onda öňki ýalançy diýilýän dünýä ýene bir täze ýamaň-ýalanyň ýamaldygy bolar.

Näme etmeli?

Öňem-ä bu dünýäň çynyndan ýalany kan.

Şeýdip men ogrynça syr saklaýardym. Ýazyksyz syrymyň sakçysam Ýerbendiň gamgyn ýelleridi. Olar obamyzda dyzyny epmän, allowarra – ýitirim çöle siňip gidýärdi. Her gezek hat getiremde-de, Goganyň gamgyn gözlerindäki begenji – ýalanyň gymmatyny görýärdim. Onsoň… Onsoň şol begenji görmek üçin aldamaga mejbur bolýardym. Oglan göwnüme-de uly dünýede hakykat – çyn zat ýok ýalydy. Ýalňyz hakykat – Goganyň hasratydy…

Şol gün Goga bilen uzak gije gürleşdim. Goganyň pyşyrdap aýdan şirin sözlerini ynsan ogly heniz eşiden däldir. Men şonda söýgüden şirin söz dünýede ýokdur öýdüpdim. Ertesem…

Mundan ozal göwünjeň, ylgap barýan gapyma zordan götünjekläp bardym. Ortarada Goga – töwereginde-de hatlar… Başujynda bukjasy – toýa niýetlenen eşikler… bir gyrada-da, garagaloşlar…

Uzak süreden soň Üpük goja nazaryny maňa dikdi. Men: «Näme üçin sen bu görgüsi ýamany alladyň. Allanyň öňki eden sütemi azmy näme?» diýer öýdüp, ýüzümi aşak saldym. Ýöne ol beý diýmedi.

– Öwekge soňky bir döwür, senden başga bu petigara höwrügenem bolmady. Gel-de hoşlaş, goý razy bolsun.

Goganyň ýüzi nurlydy. Ol ulygyz hökmünde söýülenliginden, kimdir biriniň özüni söýenliginedünýeden söýlüp ötenligine razy ýaly bolup ýatyrdy.

Men özümiň şeýle uly hasratda, kiçijigem bolsa şatlyk döredip bilenime begenip, iň soňky ýola Goganyň ýüzüne seretdim. Göwnüme bolmasa, onuň ýüzünde şo-ol  bir wagtky garagol ýylgyrma entegem saklanyp galan ýalydy…  

 

                                                                                        Öwezmyrat ÝERBENDI. 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Ak sözen (hekaýa)

Ata Watan Eserleri