DÜNÝÄ

Syrly twit bitkoiniň bahasyny ýokarlandyrdy

Bu syrly twit dünýäniň iň baý adamy, «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ilan Maska degişli.

Onuň ähli eden zady ― ýekeje ýazgy. Ýöne bu ýazgyda nähilidir bir syr bar. Ýeke-täk aç-açanlyk bolsa Ilon Maskyň bu ýazgyny «Twitter» hasabynda paýlaşmasyndan bary-ýogy 15 minut soňra kriptopuluň öz gymmatyny 15,7 göterim ýokarlandyrmagydyr.

Şeýlelikde, Mask sosial torlardaky biografiýasyna hem üýtgeşme girizdi. Häzir bitkoiniň bahasy ABŞ-nyň 37 müň dollaryndan hem geçýär.

Paýlaşylan ýazgy örän gysgajyk sözlem: «Yza nazar aýlasak, hemmesi adaty zat». Dünýäniň iň baý adamy ýazmasyna ýazdy-da, bu ýazgynyň ahyrynda #bitcoin heştegini goýdy. Ine, belanyň körügem şol heştekde.

Aýdylyşyna görä, soňky 10 günüň içinde kriptopuluň bahasy taryhdaky iň ýokary derejesine çenli göterildi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy