DÜNÝÄ

Synpda telefon ulanmak gadagan

Ispaniýanyň Madrid şäherinde 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndna başlap, sapaklarda mobil telefon ulanmaga gadaganlyk girizilýär. Bu barada “Euro Weekly News” internet neşiri habar berýär.

Madrid şäheriniň awtonom jemgyýetiniň ýolbaşçy düzüminiň bu karary sebitiň 1,7 müň döwlet mekdeplerindäki 800 müň töweregi okuwça degişli bolar. Bu başlangyç mekdepde bilim almak babatda kynçylyk çekýän okuwçylarynyň bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen öňe sürüldi.  Saglyk ýagdaýy ýa-da käbir ýetmezçilikleri sebäpli ýanynda hökman telefon zerurlygy bolan okuwçylar üçin bu gadaganlygyň güýji ýokdur.

Milli Statistika institutynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtdaky 10 ýaşa çenli çagalaryň 22 göteriminde telefon bar. Çagalaryň ýaşyna görä bu göterim köpelýär. 11 ýaşly çagalaryň 38 göteriminde, 12 ýaşly çagalaryň 64 göteriminde we 13 ýaşly çagalaryň 84 göteriminde, 15 ýaşly çagalarda bolsa bu görkeziji 94 göterime deňdir.

Madrid şäheri Ispaniýada çagalara synpda mobil telefonyna gadaganlyk girizen üçünji sebit bolar. Mundan ozal, ýurduň Galisiýa we Kastiliýa-La-Mançe sebitlerinde bu ugurda degişli kararlar alnypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjana sapary

Baku şäherinde türkmen-owgan hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary

Ata Watan Eserleri

Özbegistan bilen Azerbaýjan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer