SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Şwesiýa-Italiýa: çäklendirmeler gowşadylýar

Ýewropa ýurtlaryndan Şwesiýa bilen Italiýada koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen çäklendirmeler gowşadylýar.

Şwesiýanyň hökümeti çarşenbe gününden başlap, “COVID” ýokanjyna garşy girizilen ähli çäklendirmeleri ýatyrýar. Premýer-ministr Magdalena Anderssonyň 3-nji fewralda belläp geçişi ýaly, “pandemiýa entek gutaranok, ýöne düýbünden täze tapgyra gadam basýar”.

Bu çözgüt Şwesiýada sanjymyň ýokary derejesi bilen düşündirilýär. Mundan başga-da, ýurtda az sanly adam koronawirus keseline duçar bolup, reanimasiýa bölümlerine düşýär.

9-njy fewraldan ilata koronawirus ýokanjyna garşy lukmançylyk synagyndan geçmek zerur däl. Dümewiň alamatlary ýüze çykanda öýlerinde bolmak maslahat berilýär.

Ýurtda köpçülikleýin sanjym ýokary derejede geçirildi. Umuman çagalarda we ýaşlarda (0-19 ýaş aralygy) bu görkeziji 56% boldy. Şeýle-de bolsa, 12-15 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerde 40% -den 74% -e çenli ýokarlandy. 16-19 ýaş aralygynda sanjym edilenleriň paýy 74% deň boldy.

Şwesiýada 12 ýaşdan uly ilatyň 83,8% -i iki doza sanjym aldy. 18 ýaşdan uly ýaşaýjylaryň 53,1% -i buster sanjymyny kabul edip aldy.

ITALIÝADA ÖRTÜK DAKYNMAK HÖKMANY DÄL

Italiýada açyk howada agyz-burun örtügini dakynmak hökmany talap bolmakdan aýryldy. Ýöne adamlaryň üýşen ýerinde dakynmak maslahat berilýär. Ýurduň saglygy goraýyş ministri Roberto Speransynyň bu babatda çykaran çözgüdi 11-nji fewraldan güýje girýär.

Finlýandiýa 14-nji fewralda, Norwegiýada 17-nji fewralda koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendiriji çäreleri ýatyryp başlar. Daniýa Ýewropada çäklendirmeleri ýatyran ilkinji ýurtdur.

 

Adama görä parfýumyň ysy nähili üýtgeýär?

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy