SIZDEN GELENLER

Suwuň arassalylygy boýunça öňdeligi eýeleýän döwletler sanawy

Häzirki döwürde dünýä ýüzünde global meseleleriň sanawynda arassa suw ýetmezçiligi esasy orun eýeleýär. Gün geçdigi saýyn suw ýetmezçiligi dogrusynda ýüze çykýan meseleler köpelýär. Soňky maglumatlara görä, ýer ýüzünde her on adamdan ikisi arassa agyz suwunyň ýetmezçiliginden ejir çekýändigi anyklanylan. Galyberse-de, käbir ýurtlarda adamlarda arassaçylyk düzgünlerini doly ýerine ýetirmek maksatly hem suw ýetmezçiligi duýulýar. Emma, aşakda görkezilen döwletleriň sanawynda daşky gurşawy goraýjy, ekologlar suw meselesiniň ýokdugyny belleýärler.

 Singapur döwleti suwy gaýtadan işlemekde üstünlikli sepgitlere ýetdi. Mysal üçin, Singapur Malakka ýarym adasynyň günortasynda ýerleşen  kiçijik döwletinde 2003-nji ýylda ýurduň çäginde ilkinji suw arassalaýjy kompaniýasy

“NEWater” işe başlady. Kärhananyň işleýiş döwründe Singapuryň hökümeti tarapyndan 65 müň görnüşli synag geçirdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy öndürilýän suwuň dünýäniň ähli standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklady.

 Namibiýa– Afrikanyň iň gurak döwletleriniň biri bolup, bu döwletde suw meselesi mundan ýarym asyr  öň öz çözgüdini tapan. Ýagny, 1969-njy ýylda ýurduň iň uly şäheri  bolan Windhoekde şeýle kuwwatly suwy arassalaýjy zawod guruldy. Zawodyň öndürýän suwy ilatyň agyz suwuna bolan isleginiň 35% -ini kanagatlandyrýar we suw arkaly döreýän keseller howpy hem ýüze çykmady.

Şweýsariýa diňe bir öndürýän şokolady, banklary we sagatlary bilen meşhurlyga eýe bolmaklyk bilen çäklenmän, eýsem suw çeşmelerinden seresaplylyk bilen peýdalanmaklyk ugrunda hem tanalýar.  Şwesiýa ilaty  tokaýlary, derýalary we kölleri öz içine alýan owadan,  tämiz tebigatyny goramaga uly üns berýärler.

Finlýandiýa döwletinde köllere ýokary baha berilýär we gorap saklanylýar. Suwuň hili hem ýokaryd derejede arassa. Mundan başga-da, finler deňiz baýlyklaryna we olary arassalamaklyga aýratyn üns berýärler.

Kosta Rika dünýäniň iň arassa ýurtlaryndan biri hasaplanylýar. Suwuň ähli akymlary gaýtadan ulanylýar we önümçilikde ekologiýa taýdan arassa usullarda gaýtadan işlenilýär. Ýerli hünärmenler deňiz baýlyklaryna has köp üns bermelidigini nygtap bellemýärler.

Awstriýa – Lagymdaky lagym suwlaryny arassalamak boýunça we agyz suwynyň üpjünçiligi babatynda öňdäki sanawda durýar. Ýurdyň çäginde oba hojalygyny we suw baýlyklaryny goramak boýunça hem gowy işler alnyp barylýar.

Kolumbiýa agyz suwyny taýýarlamakda ösen döwleriň sanawyna girýär. Işlenmedik suw akymlaryny hem hökmany suratda gaýtadann işläp arassalaýarlar.

                                                         TOHI-niň 1-nji ýyl talyby

                                          Babajanow Murad

 

Atageldi Garýagdyýew: Owazy dünýä dolan operaçy

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady