TEHNOLOGIÝA

Sürüjisiz taksi döwri başlaýar

Hytaýda sürüjisiz taksi döwri başlaýar. Ýurtda ilkinji gezek sürüjisiz awtonom robot taksileriň hyzmatyndan peýdalanyp başlanýar. Ýolagçylar üçin şeýle hyzmatda ýurduň Uhan we Çunsin şäherlerinde ýola goýlar.

“Baidu” kompaniýasyna bu ugurda 2 sany rugsatnama berildi. Şoňa laýyklykda, Uhan şäherinde 13 inedördül kilometr meýdanda sagat 9:00-dan agşam 17:00-a çenli, Çunsin şäheriniň Ýunçuan etrabynda bolsa 30 inedördül kilometr meýdanda irden sagat 09:30-dan agşam 17:30 çenli sürüjisiz taksi hyzmaty berler.

Her zolakda “Apollo 5” kysymly ulaglaryň 5-si hereket eder. Ulaglar uzakdan dolandyrylar we olar kynçylykly ýagdaýda duçar bolanlarynda uzakdan dolandyrylyp, hereket edýän ugruny dowam etdirer.

Sürüjisiz taksileriň hyzmat edýän ilkinji günlerinde kameralar arkaly yzygiderli gözegçilik saklanar.

Golaýda bu kompaniýa sürüjisiz ulagynyň 6-njy täze görnüşini hödürledi. Ol tutuşlygyna awtonom awtoulag bolup, yzygiderli önümçiliginiň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. “Apollo RT6” kysymly awtoulagy indiki ýyl öndürmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi