SIZDEN GELENLER

Sungat-ruhy baýlygyň çeşmesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda, bagtyýar halkymyzy il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmakda, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmekde, medeniýet, neşirýat-çaphana edaralarynda, teleradioýaýlymlarda, habar beriş serişdelerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmekde, umuman, medeniýet ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda giň möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde häzirki döwürde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, medeniýet, sungat işgärleriniň hünär derejesini, başarnygyny kämilleşdirmek, il içinden täze, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň kökleri özüniň gözbaşyny irki orta asyrlardan alyp gaýdýar. Häzirki döwürde türkmen şekillendiriş sungatynyň ähli düzümleri pajarlap ösmeginiň täze tapgyryny başdan geçirýär. Türkmen halkynyň durmuşynda medeni-ruhy dünýägaraýşyň baýlaşmagynda esasy çeşmeleriniň biri hem şekillendiriş sungaty hasap edilýär.

XX asyr milli şekillendiriş sungatynyň görnüşlerini we žanrlaryny ösdürmekde, žiwopis mekdebiniň umumyhalky baýlyklarynyň tematik örüsini kämilleşdirmekde, çeperçilik mirasymyzyň, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşlerini, Watanymyzyň, halkymyzyň taryhy ykbalyny, ene topragymyzyň mukaddesligini, şan-şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly sahypalaryny döwrebap öwüşgünlerde wasp etmekde zehinini, başarjaňlyk ukyplary hem-de zähmetsöýer, ezber, düşbi nazarlary bilen tapawutlanan sungat ussatlarynyň onlarçasyny peşgeş berdi.

Şolaryň biri hem milli, sebit hem-de halkara derejesinde sarpalanýan, döredijilik dünýäsi nakgaşçylyk sungatyna örklenen halypa nakgaş Aýhan Hajyýewdir. Ol Baýmuhammet Garryýewiň, Berdi Kerbabaýewiň, Beki Seýtäkowyň, Mäti Kösäýewiň, Alty Garlyýewiň, Daňatar Öwezowyň, Gara Seýitliýewiň we akyldaryň dogduk mekanynyň oba ilatynyň ýakyndan ýardam bermeginde Aýhan Hajyýew Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, döwürleriň sahypalaryna altyn çaýan, ýyllaryň laglyna öwrülen «Magtymguly Pyragy» atly kanoniki portretini döredýär.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim berýän edaralar bolan çeperçilik we sungat mekdeplerinde medeniýetiň, sungatyň, döredijilik işiniň köpugurly görnüşini emele getirýän 60-dan gowrak hünär ugry boýunça bilim berlip, hünär öwredilýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyk dabaralary mynasybetli dürli mazmunly çäreler, konsertler, sergiler we dabaralar guralýar.

Bilim edaralarynda okaýan zehinli talyplardyr okuwçylar ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Olaryň aglabasy Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragynyň eýeleri, bu bäsleşigiň çäklerinde guralýan “Ýaňlan, Diýarym!”, “Çalsana, bagşy!”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşikleriniň ýeňijileri bolýarlar. Çagalar has irki ýaşlaryndan başlap, Gulbaba adyndaky baýragy almak ugrunda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler.

2019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň çykaran karary esasynda dünýä sungatlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, giňden ýaýratmak maksady bilen, her ýylyň 15-nji apreli Bütindünýä sungat güni diýlip yglan edildi.

Bu şanly sene dünýäniň dürli künjeklerinde özboluşly bellenýär. Onda suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, edebiýat, kino, aýdym-saz we beýleki sungatlarda üstünlik gazanyp, taryhda yz galdyran şahsyýetler ýatlanýar. Bu baýramçylyk mynasybetli sergiler, konsertler, filmler guralýar.

15-nji aprel — Bütindünýä sungat güni ýurtlaryň arasyndaky medeni we sungat gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, sungat ussatlarynyň işlerini ýaş nesillere ýetirmäge mümkinçilik berýän şanly senedir.

Nökergeldi Haşalow, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri