SIZDEN GELENLER

Sungat jemgyýetiň ruhy binýadydyr

Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň milli mirasyna aýratyn sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň kökleri özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Häzirki döwürde türkmen sekillendiriş sungaty pajarlap ösýär we türkmen halkynyň ruhy dünýägaraýşynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde „Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty“ ekspozisiýalarynda dürli görnüşli nakgaş, grafika eserleri, miniatýuralar, keramika we skulptura işleri ýerleşdirilen.

Bu sungat eserlerinde türkmen halkynyň milli aýratynlyklary, gadymy däp-dessurlary, taryhy wasp edilýär. Dürli reňkleriň öwüşginlerinde döredilen bu ajaýyp eserler türkmen tebigatynyň gözelligi açyp görkezýär. Olarda liriki tema hem uly orun berilýär. Bu ajaýyp sungat eserleri ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýär we şöhratly geçmişi öwrenmekde mukaddes çeşme bolup durýar.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde “Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň taryhy” atly dersi okatmagyň esasy maksady Türkmenistanyň medeni maksatly jemgyýetçilik ösüşinde milli sungatyň ruhy we maddy gymmatlyklary hakynda talyp ýaşlara giňişleýin düşünje bermekden ybaratdyr. Bu wezipe halkyň ýaşaýşynyň durmuş-medeni, tebigy-geografiki mümkinçiliklerini goşmak bilen häzirki zaman innowasion
ösüşiň kämilleşmegini özünde jemleýän halkymyzyň milli sungatynyň özboluşlylygyny hem-de onuň ösüş meýillerini hemmetaraplaýyn öwrenmegi talap edýär.
Bu ders döwlet syýasatynyň milli aýratynlyklaryna, jemgyýetiň ösüşinde adamyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna esaslanyp, medeniýeti mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin döredijilik taýdan pikir ýöredip bilýän milli ussatlary kemala getirmekde möhüm şert bolup durýar. Sungat jemgyýetiň ruhy binýadydyr. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli medeniýetine we sungatyna elmydama sarpa goýmagy esasy ýörelge edindi.

Sungatyň jemgyýetiň aňyna örän uly täsiri bardyr. Şekillendiriş sungaty arkaly adamlar ilkidurmuş ýaşaýşyndan bäri özlerini gurşap alýan tebigatyň görnüşlerini suratlandyryp gelipdirler. Ösümlikler, haýwanlar, asman jisimleri we dürli geometrik şekiller adamlarda dini garaýyşlary we özara gatnaşyklary döredipdir. Adamlar döwrüne görä özleriniň ýaşaýan jaýlaryna, öý esbaplaryna we egin-eşiklerine täze bezegleri girizipdirler. Jemgyýet elmydama hereketde, sungat bolsa ol hereketiň ülşi hökmünde adamlaryň durmuş we maddy derejesini ýokarlandyrýan, at-abraýyny galdyrýan, onuň durmuşynyň ösüş derejesini kesgitleýän
çeşme hökmünde hyzmat edipdir. Ol elmydama täze görnüşlere eýe bolmak ýada könäni täzeçe gaýtalamak ýaly alamatlara eýe bolup gelýär.

Türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetini baýlaşdyrmak babatynda biziň ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylyp, taryh ylmy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlarynyň ençemesi özüniň degişli netijesini berip, daşary ýurtly alymlar tarapyndan Türkmenistanda gadymy siwilizasiýanyň dörändigi, türkmen halkynyň medeni mirasynyň dünýä medeniýetinde uly ornunyň bardygyny tassyklaýan maddy maglumatlar ykrar edildi.

Ösüp barýan ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek döwletimiziň baş aladasydyr. Ösen şahsyýeti kemala getirmekde şekillendiriş sungatynyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardyr. Surat çekmek, şekil ýasamak, ýelimlemek we gurnamak sapaklarynda körpeler aň ýetirmek, döretmek pursatlaryny başdan geçirýärler. Şonuň üçin biziň bilim ojagymyzda hem talyplara şekillendiriş sungaty boýunça döwrebap bilim berilýär.

Orazmuhammet Owganow, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

Zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe

Usuly birleşmesiniň şekillendiriş sungaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri