BILIM

Şu ýyl aspiranturalarda we kliniki ordinaturalarda okajaklaryň sanawy kesgitlenildi

Türkmenistanda 2021-nji ýylda aspirantura we kliniki ordinatura kabul ediljek adamlaryň sanawy kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Minstrler Kabinetiniň 29-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde aýdyldy.

Döwlet Baştutanynyň Türkmenistanda ýokary hünärli işgärleri we ylmy işgärleri taýýarlamak, ylmy taslamalara döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň zerur ugurlar boýunça teklipleri seljerildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze zehinli we has zerur ulgamlar boýunça ýöriteleşen alymlaryň täze nesliniň taýýarlanmagynyň wajypdygyny belläp, wise-premýere ylma bolan gatnaşyklary höweslendirmek, zehinli ýaşlary ösdürmek, olaryň hünär ukyplaryny işjeňleşdirmek üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Related posts

Türkmenistan-Özbegistan: emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirer

«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti Sun Szinlin adyndaky gaznanyň çakylygy boýunça Hytaýda boldy