SPORT

Şu gün Messi 36 ýaşady

Şu gün dünýä futbolynyň ägirdi, Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lionel Messi 36 ýaşady. Ol 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda Argentinanyň Rosario şäherinde dünýä indi.

Lionel Messi dünýä futbolynda yz goýan uly futbolçylaryň biridir. Ol 7 gezek “Altyn pökgi” baýragyna eýe bolan ýeke-täk futbolçydyr. Onuň belki bu baýragy 8-nji gezek hem gazanmagy mümkin.

Şeýle hem ol Ýewropada iň köp gol geçiren futbolçylara berilýän “Altyn aýakgaby” baýragyna 6 gezek eýe bolan ýeke-täk oýunçydyr.

Mundan başga-da, ol Ispaniýanyň “Barselona” topary bilen 4 gezek Ýewropanyň naýbaşy kubogy bolan Çempionlar ligasynyň kubogyny eýeledi.

Şeýle hem köp ýyldan soňra Argentinanyň milli ýygyndysyny dünýä çempiony etmäge goşant goşan futbolçy boldy. 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda Messili Argentina dünýä çempiony boldy.

Şeýlelikde, ol topar derejesinde 38 resmi kubogy, milli ýygyndy derejesinde bolsa 2 kubogy gazanmagy başardy. Umumylykda, 40 kubogy gazanyp, dünýäde iň köp gazanan 2-nji futbolçydyr.

Lionel Messi Fransiýadaky futbol durmuşyny tamamlap, Amerika yklymyna aralaşdy. Ol ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynda futbol ýoluny dowam etdirer.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy