TEHNOLOGIÝA

“Starbucks” bir gezek ulanylýan bulgurlardan ýüz öwürmekçi

Dünýä belli “Starbucks” kompaniýasynyň nyşanyna öwrülen ak kagyzdan bulgurlar ýakyn geljekde ulanyşdan galdyrylar.

ABŞ-nyň metbugatyna görä, 2023-nji ýylyň ahyrynda ABŞ-nyň we Kanadanyň satyn alyjylary köp gezeklik bulgurlardan peýdalanarlar. Bu hem kompaniýanyň zir-zibilleriň möçberini azaltmak üçin göz öňünde tutulan öňüni alyş çäresi bolup durýar.

Kompaniýanyň durnukly ösüş boýunça direktory Maýkl Kobori şereketiň öz öňünde uly maksat goýandygyny we onuň hem kompaniýany serişde tygşatlaýjy şerekete öwürmekden ybaratdygyny belledi. Ony hem zir-zibilleri azaltmak arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

“Bu borçnama 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny azaltmak, suw tygşytlamak we galyndylary azaltmak boýunça uly maksatlary öz içine alýar” – diýip, Maýkl Kobori belläp geçdi.

“Starbucks” kofesini söýüjilerden öz ýany bilen bulgur getirmegi haýyş ediler ýa-da müşderilere kofeni içip, bulgury yzyna berip gitmek teklip edilýär.

Şeýle-de bolsa, bu maksatnama entek tassyklanmady, ýöne kompaniýanyň ýolbaşçylary tarapyndan işjeň garalýar.

 

Kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi