SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambulda syýahatçy rekordy

Şu ýylyň iýul aýynda 1 million 759 müň 506 adamy kabul eden Stambul şäheri, soňky 10 ýylda  aýlyk görkezijilere görä, daşary ýurtly syýahatçylary iň köp kabul eden aýlarynyň biri boldy.

Stambul welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň 7 aýynda şähere gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 8 million 514 müň 806 boldy. Şonuň netijesinde, diňe iýul aýynda Stambula 1 million 759 müň 506 syýahatçy geldi. 2021-nji ýylyň iýul aýy bilen deňeşdirilende 56 göterim ösüş gazanyldy.

Türkiýäniň iň köp gelim-gidimli şäherleriniň biri bolan Stambul şäherine daşary ýurtly jahankeşdeler howa we deňiz ýolalr arklay geldiler.

Bu döwürde Stambula Germaniýa, Russiýa, ABŞ, Eýran, Saud Arabystany, Angliýa ýaly ýurtlardan has köp syýahatçy geldi. Germaniýa birinji orny eýeledi.

Türkiýe Respublikasyna gelen daşary ýurtly jahankeşdeleriniň her 3üsinden 1-i Stambul şäherine geldi.

 

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär