SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Şri-Lanka syýahatçylara gapylaryny açdy

Şri-Lanka döwleti dünýäniň islendik künjeginden syýahatçylary kabul edip başlar diýip, metbugat gulluklary habar berýär. Ýerli häkimiýetler syýahatçylaryň we ýerli ýaşaýjylaryň howpsuzlygy üpjün etmek üçin ähli şertleri göz öňüne tutupdylar.

Syýahatçylar bu ýurda gelenlerinden soňra 14 gün ýörite syýahatçylar üçin niýetlenen myhmanhanada galmaly bolarlar. Syýahatçylary ýerleşdirmek üçin 14 sany syýahatçylyk zolagynda takmynan180 sany myhmanhana ulanmaga berilipdir.

“Associated Press” agentliginiň maglumat bermegine görä, syýahatçylar öz ýurtlaryndan uçmazdan 72 sagat öň koronawirus keseline garşy barlagdan geçmelidir, soňra bolsa Şri-Lanka döwletine gelenlerinden soňra ýedinji güni gaýtadan bu barlagdan geçmelidirler.

Şri-Lanka döwleti 2020-nji ýylyň mart aýyndan başlap, ilkinji gezek myhmanlary kabul edip başlady.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy

Özbegistan ABŞ bilen wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça gepleşikleri alyp barýar

Türkiýe : Syýahatçylyk wizasy üçin zerur resminamalar