SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Sputnik V” sanjymy Gyrgyzystanda bellige alyndy

Russiýanyň “COVID-19” ýokanjyna garşy işläp düzen “Sputnik V” sanjymy Gyrgyzystanda bellige alyndy. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş we durmuş taýdan ösüş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

– Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş we durmuş taýdan ösüş ministrliginiň ýanyndaky Derman we lukmançylyk enjamlary bölümi koronawirus ýokançlygynyň öňüni almak üçin birleşdirilen wektor sanjymy bolan “Sputnik V” sanjymy üçin hasaba alyş şahadatnamasyny berdi.- diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Benaýata görä, sanjymyň Gyrgyzystanda hasaba alynmagynyň ýakyn wagtda koronawirus ýokançlygynyň öňüni almak üçin ilata sanjym etmäge mümkinçilik berjekdigi mälim edildi.

Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşenaliýew 22-nji ýanwarda geçirilen brifingde ýurtda “COVID-19” koronawirus ýokançlygyna garşy sanjymyň meýletin boljakdygyny belläp geçipdi.

– Koronawirus sanjymyny ilkinji bolup, lukmanlar, soňra töwekgelçilikli toparlar we Gyrgyzystanyň ilatynyň ejiz toparlary alar. Üçünji tapgyrda sanjymlar döwletiň we donorlaryň hasabyna her kime meýletin esasda amala aşyrylar – diýip, ministr aýdyp geçipdi.

“Sputnik V” sanjymy Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň awgust aýynda hasaba alnypdy. Häzirki wagtda bu sanjym dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda bellige alyndy.

Türkmenistan Merkezi Aziýada “Sputnik V” sanjymymy bellige alan ilkinji ýurtdyr.

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder