SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Sputnik V” 40 müň adama sanjym ediler

Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň başlygy Kirill Dmitriýew ýerli metbugatyň sahypalarynda Russiýanyň koronawirusa garşy döreden “Sputnik V” sanjymynyň geljek hepde 40 müň adama beriljekdigini habar berdi.

Sanjym edilen adamlara gözegçilik etjekdiklerini mälim eden Dmitriýew:

“Gözegçilik sanjym 40 müň adama indiki hepde-de başlar. Sanjym kabul edilenden soň kliniki gözlegler halkara ülňülerine laýyklykda geçiriler. Sanjymdan soň onuň oňyn täsirleri we zyýanly täsirleri açyklanar. Sanjym edilen adamlaryň hemmesi gözegçilik astynda geçiriler” – diýdi.

Gamaleýa epidemiologiýa we mikrobiologiýa gözleg institutynyň müdiriniň orunbasary Denis Logunow sanjym barada iň soňky maglumatlary internet platformalarda şeýle paýlaşdy:

 “Şu wagta çenli sanjym 18 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky meýletinlere berildi. Bu döwürde sanjymyň hiç hili zyýanlary görülmedi. Sanjym, esasan, koronawirusy ýok adamlar üçin işlenip düzüldi, ýöne koronawirus ýokuşan adamlara hem ulanylyp bilner” — diýip belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler