Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň saglygyny goramaklyga gönükdirilen atalyk kitaplary, Milli we umumy döwlet Maksatnamalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport ulgamynda alyp barýan döwlet derejesindäki işleriň gönezligidir.
Döwletiň ileri tutýan ugurlary bolsa halkyň saglygyny goramak, geljekgi nesilleriň aladasyny etmek ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryny gazanmak, ýurduň kuwwatyny artdyrmak we onuň halkara abraýyny ýokary götermek bolup durýar. Şol maksat bilen ýokary okuw mekdepleriniň sport desgalarynyň durkuny täzelemek, täze sport desgalaryny gurmak, olary döwrebap sport esbaplary we enjamlary bilen üpjün etmek, bedenterbiýe işini, talyplaryň beden taýýarlygynyň derejesini we işjeňlik mümkinçiliklerini hasaba almak bilen kämilleşdirmek, sportuň görnüşleri boýunça meşgullanýan talyplaryň sanyny artdyrmak, talyplaryň sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlar ulgamyny işläp taýýarlamak, köpçülikleýin sport çärelerini guramak we olara talyplaryň aglaba köpüsiniň gatnaşmagyny gazanmak boýunça tutanýerli işler geçirilýär.
Ylym-bilim ylmy tehniki ösüşiň tehnologiki täzelenişi, saglyk syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmak, halkyň abadançylygyny üpjün etmek, ylymda, bilimde özgertmeleri amala aşyrmak döwletiň içeri syýasatynyň asyl manysydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziñ ýolbaşçylygynda jemgyýet durmuşynyñ hemme babatynda asyrlara barabar beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyñ ylym-bilim, bedenterbiýe, sport, syýahatçylyk we beýleki pudaklarynda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň terbiýeçilik barada öňe sürýän meseleleriniň baş maksady – terbiýeçilik ulgamynda terbiýeçiligiň durmuşy taýdan jemgyýetiň, tebigatyň kanunlary, talaplary bilen baglanyşykly bolmagyny gazanmaklykdan ybaratdyr. Bedenterbiýesi terbiýäniň beýleki görnüşlerine garanymyzda özüniň käbir aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şol aýratynlyklar bolsa esasanam bu hadysanyň terbiýeçilik düşünjeliligi ösdürmekligiň belli bir derejede tebigatyň kanunlaryna laýyklykda bolup geçmekligi bilen düşündirilýär. Meselem, başarjaňlyk endigini terbiýelemeklik geljekde beden taýdan kämilleşmekligi göz öňünde tutmaklyk bilen bolup geçýän hadysadyr. Başgaça aýdylanda, beden taýdan terbiýelemeklik, adamlara hereket endiklerini öwretmekdir, olaryň ýaşaýşa bolan ukyplarynyň artmagyna degişli beden sypatlaryny terbiýelemekdir. “Bedenterbiýesi“ diýmekligiň esasy mazmuny „terbiýelemek“ diýen manyny berýär. Bu bolsa beden terbiýesiniň okuw-terbiýeçilik işleri bilen baglanyşyklydygyny aňladýar. Hereket öwretmeklik öz manysynda „bedeni terbiýelemeklik“ diýmekligi ösdürýäris. Şeýlelikde, terbiýeçiligiň aýratyn bir özüne mahsus bolan görnüşleriniň biri bolan beden terbiýesiniň ähmiýeti ýaşaýyşda örän uludyr. Umumy terbiýeçilik ulgamynda ol halkyň saglygyny berkitmek bilen terbiýeçilige esasy goşant goşýar. Şonuň bilen birlikde beden maşklary terbiýeçiligiň esasy we zerur serişdeleriniň biri bolup durýar. Häzirki biziň ösen jemgyýetimizde beden terbiýesi saglygy goramakda, berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, beden agzalarynyň işiniň bozulmalaryny dikeltmekde, bedeniň işjeňligini ýokarlandyrmakda, döwletde önümçiligi we ykdysadyýeti ýokary galdyrmakda, galyberse-de ruhubelent, sagdyn ýaş nesli kemala getirip, doly derejede ýetişdirmekde terbiýeçiligiň esasy serişdeleriniň biri bolup durýar. Beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegi ýokary energiýanyň sarp edilmegini talap edýär. Energiýa sarp edilmesiniň beden işjeňlik ýagdaýy bilen rahatlyk ýagdaýynyň arasyndaky tapawut beden güýçlerini häsiýetlendirýär. Ýürek gysgalmalarynyň, dem alyş çuňlugynyň we ýygylygynyň, gan aýlanma basyşynyň we ş.m. görkezijileri boýunça beden güýçleri hakynda gürrüň edip bolar. Türgen ýa-da bedenterbiýe mugallymy üçin güýjüň ölçegi hakynda maglumatlary ýokary derlemekligi, gyzarmak derejesini, hereketleriň utgaşyklylygynyň näsazlygyny ýaramazlaşma hasaplaýarlar.
Ähli gujur-gaýratyny, zehinini, başarnygyny paýhas eleginden geçirip, ata Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Kakajanowa Mähri,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy