SPORT

Sport janköýerlerine ýene-de bir “El-Klasiko” garaşýar

Dünýäniň ähli künjegindäki futbol janköýerleri “El Klasikonyň” nämedigini bilýändir. Bu Ispaniýanyň iki ägirdi – “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlarynyň arasyndaky duşuşykdyr. Bu duşuşyk köp snaly futbol janköýerlerini mawy ekranyň öňünde jemleýär.

Her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşylýan “El Klasiko” duşuşyklaryň biri Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda bolar. 15-nji ýanwarda Naýbaşy kubogy almak üçin final duşuşygynda “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary duşuşar.

“Barselona” topary finala çykmak üçin “Betis” toparyny esasy wagty 2:2 tamamlanan duşuşykda 11 metrlik jerime urgulary arkaly ýeňdi.

Ispaniýanyň Superkubogynyň duşuşyklary Saud Arabystanyda geçirilýär. “Barselona” toparynyň ýarymgoragçysy Serhio Buskets 700-nji duşuşygyny oýnady. Ol bu görkeziji boýunça Lionel Messi (778) we häzirki wagtda toparyň tälimçisi Hawiden (767) soňra üçünji futbolçy boldy.

Final duşuşygyň beýleki topary “Real Madrid” hem finala çykmak üçin “Walensiýa” toparyndan üstün geldi. Bu duşuşygyň hem esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik jerime urgularyndan ýeňiş gazanyp, finala çykdy.

Ispaniýanyň Superkubogy ugrundaky ýaryş 1982-nji ýyldan bäri geçirilýär. 2019/20-nji möwsümden bäri bu ýaryş mini ýaryş hökmünde geçirilip, oňa 4 topar gatnaşdyrylýar.

Final duşuşygy 15-nji ýanwarda Patyşa Fahd adyndaky halkara stadionda geçiriler. “Barselona” topary 13 gezke bu kubogy gazanan bolsa, “Real Madrid” 12 gezek naýbaşy kubogyň eýesi boldy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi