HEKAÝALAR

Söýgi kyssasy

  Hekaýa

Mukaddes ýazgylaryň süresinden alnan ýaly bu gamly wakany obamyz soň-soňlaram unutmady. Men-ä asla unudylaram öýdemok. Sebäp ol söýgi bilen, özem, häki bir menden saňa çenli diýilýän gelli-geçer söýgi bilen däl-de ömrüňde diňe bir gezek söýülýän söýgi bilen bagly.

Öň söýgüniň nämedigini gören adamlar, çyn söýgi soraşman gelýä diýýäler. Işannuruň söýgüsem şo zeýilli boldy. Soraşman geldi.

Eger şol gün Ogulla guýynyň töwereginde görünmedik bolsa, belki şo derdeser döremese-de döremezdi. Ýöne herki zada bir zadyň sebäp bolýanyny biz bilýäs-ä.

Obamyz bir-ä uly gykylygy eşitdi. Birem Işannuruň oýa tarap dazlap barýanyny gördi. Nämäň-näme bolany soň aýan boldy. Başy aýlanypmy ýa aýagy typypmy, obamyzyň iň owadan gyzy – Ogulla süýr günortanlar suw çekip durka guýa gaçypdyr. Göze görnen gyzlarda şuňa meňzeş zatlaryň bolup biläýmegi gaty ahmal-a. Onam, başgalaryň girmäge het edip bilmedik kyrk gulaç örümli guýusyna, obamyzda birneme akly ýukarak diýilýän Işannur gözi ýok ýaly dazlap girip gyzy çykarypdyr. Hana indem ol, edil kinolardaky gahrymanlar ýaly Ogullany iki eli bilen göterip alyp gelýär. Gyzyň köşegiň nogtasy ýaly ýop-ýogyn saçlaram ýere degäýjek-degäýjek bolýar.

Gyzyň ýogyn saçy myžžyk bolandanmy ýa-da ýetişenligini habar berýän bozgunç ysdanmy, saçdan başýuwlugyň ysyna garyşan üýtgeşik ter ys gelýädi. Ol ysy hemmeler bilen bile Işannuram alýady. Şonuň üçinem ol ýöräp bilmän birsyhly ädimine çolaşyp, aýaklaryny çolaşdyrýady. Onuň bir galagoply ädim urşuny şo gün obamyzyň hemmesi gördi. Muňa kim dözmezçilik bilen başyny ýaýkady, kimem ýuwaşja, ýöne düşnükli edip pyşyrdady.

– Ýigidiň öňki derdem-ä özüne ýetikdi, bi indi  üstüne urna bolaýmasa…

Men Işannuruň öňki derdine beletdim. Ol öňräkden bäri durmuşyň geň hem täsin ýodasyna düşüp birneme sarsagrak ýagdaýda ýaşaýady. Günäsi, kitaby söýýädi. Özem, owadan gözli gyzlary söýülşi ýaly çaksyz söýýädi. Hasam bir adamyň ýazan hekaýalary oň maňzyna batýady. Ol şol hekaýalary okanda özüne-de bilniksiz bolan täsin duýgulary başdan geçirýädi. Şol gün ol hiç kim bilen gepleşmän diňe şo hekaýanyň täsiri bilen ýaşaýady. Onuň begenýänini görüp menem begenýädim. Hemem hemmeleriň begenip ýaşary ýaly hemişe süýji hekaýalaryň ýazylyp durmagyny oglan ýüregim bilen dileýärdim. Şeýle bolanda – kişiniň begenjini göreňde durmuşda ýaşamagam ýeňilräk ýaly bolýady.

Şol ýazýan adamyň hekaýalaryny edebiýata imrigýän adamlaryň galabasy gowy görerdi. Menem gowy görerdim. Sebäp ol durmuşyň has inçe ýollaryny yzarlapdy. Beýleki ýazýanlar bolsa göni durmuş barada ýazýady. Onsoň men, adamlaň içinde gezip-görüp ýören tanyş zatlaryny – durmuşyny  ýene ýazyp düşündirmek gerekmikä diýip oýlanardym. Işannuram şo pikirdedi. Olam, özüniň bir sydyrgyn ýaşaýşy bilen durmuşyň gyzyksyzdygyny, şonuň üçin ondan daşlaşsaň kem däldigini aýdardy.

Ol adamyň ýazýan hekaýalary süýjüdi. Üýşülen ýerde gürrüň şo barada bolardy. Men şonda gowy zat ýazýanyň özünden öňürti ýazan zatlarynyň gürleýänine haýranlar galardym.

Işannuruň süýji edip ýazylan hekaýalaryň gadyryny bilşi has üýtgeşikdi. Ol hekaýaly gazet eline düşende, ony şo bada okap çykman azajyk-azajykdan – günde bir azajygyny okap, galanyny soňa goýýady. Ertesi ýene şonuň ýaly ederdi. Şeýdip ol azajyk-azajykdan okap, tas bir aýa çekerdi. Men onuň näme üçin beýdýänini soramda, ol ilki gürlemän dymardy. Soňam ýazykly ýaly gussa bilen şeý diýerdi.

  • Ömrümiň süýji günlerini köpeltjek bolýan, ertirem ýene okap begenerim ýaly.

Men şonda edebiýat diýilýän närsäniň täsindigine haýranlar galardym. Hemem ýazýanlaryň hemmesi gowy hekaýa ýazsalar, ömre goşulýan süýji günleriň has köpeljegi hakynda oýlanardym.

Biz şeýdip ýaşap ýördük. Dünýe hezildi. Onuň içinde obamyzyň, Işannuruň, süýji hekaýalaryň barlygy ony öňküsindenem hezilleşdirýädi. Şeýdip owadan dünýäniň süýji gününe şaýat bolup ýörkäk, şol hekaýa ýazýan adam ýazmasyny kesdi. Soňam ol özi hakdaky süýji ýatlamany hemem obamyzyň tukat durmuşyny bize galdyryp agyr dymdy.

Şol günden başlabam Işannuruň öňem ylaýjak diýilýän kellesinde ýene bir zatlar ýetmeýän ýaly boldy. Özem ol bir hili aýlandyryp goýberilen ýaly ýaşaýyşda ýaşap başlady. Ýöne onuň ýüregi bolşy ýaly däldi. Dözümsizdi. Ol bar zada, hatda çaýkanyp duran uly dünýä-de, nebsagyryjy nazar bilen seredýädi. Şo häsiýetini obamyz gowy görýädi. Şonuň üçin hemmeler oňa duýgudaşlyk ederdi. Akyllyrak adamlar bolsa, kölegede oturyp gürrüň edenlerinde, Işannuruň bolup ýörşüne dözmän şeýleräk gürlärdiler.

– Ýene şo hekaýa ýazýan adam ýaly mazaly hekaýa ýazanyň biri döräýse, oň kellesi düzeler…

Näçe garaşsagam bolmalysy ýaly süýji hekaýa ýazýan çykyp baranokdy. Şonuň üçin Işannuryň kellesiniňem şo düzelmän ýörşüdi. Gum içinden-ä oň çykmajagyny özümem bilýädim. Ýogsam biziň obamyzda-da, birki sany galam dürtýän ýogam däldi. Ýöne olaryň henizem ile meňzeş ýazyp bilmän ýörüşleridi. Bilmedim, şäherden çyksa çykaýmagam ahmal. Her näme diýseňem agyň-gögüň içi. Onsoňam olar bize görä kölegede birneme köpräk gezýäler…

Ýöne näme diýseňem, onuň hesreti maňa ýakymlydy. Dymyp ýörmesi bolsa hesrete salýady. Şonuň üçin azajygam bolsa Işannuruň ýagdaýynyň gowulaşmagy üçin elime ilen hekaýalary oňa getirip berýädim. Işannur olara çalaja göz gezdirerdi-de, bir gyra süýşürerdi. Soňam edil Sokratyň edişi ýaly maňlaýyna elini ýetirerdi. Bu onuň diýýän hekaýasynyň däldigidi. Onsoň men ýene azara galardym. Hemem ýazgylaryň adamyň başyna her hili oýun salýanyny öz gözüm bilen görýädim.

Soňky bir döwürde Işannur tutuksy, birneme-de gaharly gezmäni çykardy. Indi ol mendenem daşlaşýady. Men muňa Işannurdanam beter darygýadym. Göwnüme indi edebiýat barada hiç haçan, hiç kim – hiç kim, hiç haçan gürrüň açmajak ýalydy. Bu pikir meni hasam gorkuzýady. Işannuruň bolsa şo düňderilip ýörşüdi. Bolup ýörşi ol çalaja üýtgändirem öýtdürýädi.

Aradaky wakadan soňa, hakykatdanam ol ýeldirgändir öýtdüler. Biz şol bir üýşýän ýerimiz bolan Bibijemallaň dükanynyň agzynda çommalyp otyrdyk. Gürrüň Işannuruň gowy görýän adamysynyň ýazan hekaýalary barada barýady. Oturanlaryň biri şo hekaýa ýazýanyň adyny sorady. Bir gyrada gürrüňçilige goşulman oturan Işannur o sözi eşidip zöwwe ýerinden galdy.

– Sen näme ony tanaňokmy?

Işannuruň sesinde birneme eýmençlik bardy.

– Ýok…

Işannur sözüni täzeden gaýtalady. Özem ol ary köýen ýaly alarladyp barýa.

– Dogrudanam tanaňokmy?!

Işannuruň bu gezek sesi gatyrak çykdy. Tanamaýan birneme ýöwseljiredi.

– Ýok… Saňa näme…

Işannuruň gahary ýetjek derejesine golaýlady.

– Maňamy… Sen şu wagta çenli türkmen bolup şony tanaman näme işlediň?!..

Gürrüňiň düzüwlilik bilen gutarmajagyny aňan oglan ysgynsyz gürledi.

– Hä, omy, indi çalaja tanajak bolýan…

Bahym obamyzyň oglanlarynyň tas gylla ýarysyna golaýy, ýeke bir Işannuruň gowy görýän adamysyny däl, eline galam tutýanlaryň hemmesiniň adyny ýatdan bildi. Şonda edebiýat mugallymymyz şeý diýdi:

– Men arly ýyllardan bäri olar bilen sürrekleşip ýörsemem öwredip bilmedim, bolsa-da, Işannur ýeser eken.

x x x

Söýginiň heseri hekaýanyň süýjüliginden üstün çykdy. Ogulla aýak üstüne galdy. Işannur bolsa telbä öwrüldi. Indi onuň öňki bolup ýörşünem toýlaýmalydy. Edebiýat onuň kellesine ýakymly ýadawlygy salan bolsa, söýgi şo ýakymlylygy süýji agyra öwürdi.

Şol guýuly wakadan soň ol Ogullanyň ýüzüne ýaýdançly şatlygyň gizlin duýgusy bilen seredip başlady. Ony Ogulla bahym aňdy. Ýöne ol halasgärine söýgi bilen däl-de, aladaçyl garaýyş bilen garady. Bu bolsa  ýigidiň kalbynda düşnüksiz howsalany döredip, gyza bolan söýgini hasam güýçlendirýärdi.

Bu bolýan zatlaryň ählijesi obamyzyň gözüniň alnynda bolup geçýädi. Şonuň üçin oba adamlary: “Bi söýgi, şo-ol bir wagtky – dessanlardaky ýaly gadymky söýginiň ysyny berýä” diýişýädiler. Hemem şeýle söýginiň indi obamyza ymykly geldigi bolsun-da diýip dileg edýärdiler. Tas Gartaň aga şeýle tapylgysyz söýgüň hatyrasyna sadaka beripdi. Ýöne henize çenli söýgä sadaka beren ýok diýensoňlar goýbolsun edäýdi. Menem Işannuruň bolup ýörşüne gynansamam, diňe dessanlarda beýan edilýän söýginiň obamyzda bolup geçýänine begenýädim. Hemem onuň uzakdan-uzak dowam etmegini dileýädim.

Obamyzda başga-da söýüşýänler gyt däldi. Ýöne olaňky düýpli söýgi däldi-de, häki bir gezek geçiren ýaly bir zatdy. Ýigit gyza gowy görýän diýýädi. Gyzam özüniň kem görmeýänini aýdýady. Onsoň olar ogrynça şähere gidip surata düşerdiler. Süýji eken-de, süýji eken diýşip buzgaýmak iýerdiler. Gyz türkleň täze çykan ştapelinden ýakasyny beýik edip köýnek tikinenini aýdardy. Oglanam bahym täze köwüş alynjagyny duýdurardy. Soňam toý. Onsoň çaga-çuga köpeldigiçe, bir wagtky ýüregiňi jigledýän söýgi kem-kemden sowaşýardy. Soň söýşenler söýgüniň hatyrasyna däl-de, çagalarynyň hatyrasyna hemem il-günden – obamyzdan utanyp ýaşardylar.

Işannuruň bolsa, entegem toba gelmedik günäkär ýaly gezip ýörşüdi. Gün geçdigiçe gyza bolan duýgusy çylşyrymlaşýardy. Oňa indi çaýkanyp duran uly dünýede gyýma gaşly ak ýüzden, hoşamaýly gülümsireýän gözlerden başga hiç zat görünmeýän ýalydy. Oba adamlary onuň bolup ýörşüne duýgudaşlyk edip kellelerini yrardylar.

– Ähli ömrüňi şoňky ýaly, päk wyždan bilen geçirip bolýan bolsady…

Onsoň men, heý munuň çykalgasy ýokmuka diýip Gülsün ejäniň ýanyna ylgardym. O ýerdenem şeýle sowuk sözler bilen yzyma gaýdardym.

– Ejir adamyň kalbyny päkleýändir…

Şeýdip günler geçip durdy. Işannura ýalňyz nebsi agyrýan obamyzyň iň garry iti Baltakdy. Diňe şo ony görende tüýi düşen guýrugyny bulaýlap aýagyna süýkenerdi. Ýöne olam diňe gijelerine oň ýanyna barady. Telbä öwrülen gijeler bolsa, agyr oýlar bilen daňy atyrýady. Soň ýene Gün dogardy, soň ýene gije gelerdi. Her bir dogup ýaşýan günem öz hasabyn okardy.

x x x

Guraklygyň sähralary guradyşy ýaly, ýalňyzlygam adamyň ýüregini guradýar eken. Men Işannury azajygam bolsa owalky dünýesine dolamak üçin gazetlere çykýan täze hekaýalary eltip berýädim. Öňler men hekaýaly täze gazeti eltip  beremde ol ýyljyraklap, şeý diýerdi:

– Edebiýat ömür bereniňe degýändir…

Soňam ol bir döwürler ýalaw ýaly gylyçlaryň galamdan asgyn gelip gynyndan çykman saklanandygyny aýdardy. Muňa biziň ikimizem begenerdik. Özüňi ýigrendirmän edebiýata ak ýüregiň bilen ýapyşmalydygy hakynda oýlanardyk.

Indi bolsa ol gazete barmysyňam diýmän, özüniň tukat garamtyl gözleri bilen maňa seredýädi. Onuň öňem gamgyn gözleri indi hasam gamgyndy. Şol gözler meniň gözüme çyn aşygyň mert tymsaly bolup görünýärdi.

x x x

Hemme zatdan beýik durmuş özüniň agras ädimleri bilen öňe gidip otyrdy. Işannur bir wagtky gyzyň saçyndan gelen ysy – özüniň öňki derdini henizem unutmandyr. Ol temegini asmana tutup, sähralardan şol ysy – özüni gozgalaňa salan eziz ysy aljak bolýady. Ýöne sähralardan hiç haçan beýan edip, tarypyna ýetip bolmajak gyz alkymynyň ysy däl-de, ajy ýowşanyň ysyna garylan düýeleriň gäwiş gaýtarandaky ysy hemem durmuşyň ysy gelýädi. Onda-da ol soň-soňlaram şol eziz ys geläýjek ýaly ysyrganyp kän gezdi. Bir günem, şol gün megerem, dünýe döräp dogup gelen günleriň iň ajaýyby bolsa gerek. Ýigide bagtyň ýumşak penjesi goluny bulady.

Aý ýokaryk galansoň gijäniň gözelligi hasam artypdy. Indi diňe Aýyň kümüş çaýýan çäksiz sähralary hemem ýyldyzlar bilen bezelen arassa asman galypdy. Asman  gümmezi bilen basyrylan sähralarda hiç kim ýokdy. Diňe bir gara guýynyň töwereginde köwejekläp ýördi. Guýynyň golaýyndaky ahylyň ygynda-da, bir gyz başyny ýuwýardy. Gyzyň saçyny ýuwýan düýe çalynyň – başýuwluguň ysyny sähra şemaly jomartlyk bilen töwerege paýlaýardy.

Aýyp zat süýji bolýar. Ýigit timsingenip ysa tarap ýöneldi. Haçanda gyz saçyny ýygnap öýlerine girende, ol eňegini saç ýuwlan çala basdy. Soň ýene. Tä teşneligi ganynça ol ýanytlap kän içdi. Soňam galan başýuwlugy süýr depesinden guýdy.

Şeýdip ýigit tä sähralaryň ýowuz şemaly eşigini guradýança şo ys bilen – gyz ysy bilen bile ýaşady. Ol soň-soňlaram, sähralaryň giň gollarynda bagtyň peşgeş eden şojagaz pursadyny – baş ýuwulan çalyň ysyny kalbynda pugta saklap, aýawly gezdi. Käte-de, ol gurap barýan eşiklerini ýene guýynyň ýogyn suwuna batyrardy. Şonda ýene ondan gyz ysy gelýän ýaly bolýady. Obamyzyň adamlary onuň bolup ýörşüni görüp, biri-birine ümleşerdiler.

– Görüň, söýgi ony nädipdir, hatda, ýagty jahan bilen hoşlaşmaga-da goýanok…

Zalymyň Ogullasy bolsa öz gözelliginiň neneňsi güýjüniň barlygyna düşünýän gyzdy. Şonuň üçin ol ýigide sähelçe-de nebsi agyrman, bolýan zatlara gözlerini süzüp seredýärdi. Käte-de ol Işannuruň ýüzüne seredip husytja ýylgyrýady. Işannuram sesini çykarman gyzyň ýüzüne ýazykly ýaly seredýädi. Soňam ol ömrüň peşgeş beren şojagaz pursadyny – husytja ýylgyrşy diýseň aýawly saklap sähralara siňerdi. Şo zatlary görüp ýöremsoň ýüregim eşretli gamgynlyk bilen galpyldaýady.

Bu ýowuz hem gussaly söýgi hakynda, gaýraky obalaryň birinde galam tutýanyň biri gazete bir zatlar ýazýar diýdiler. Men muňa Isa, Mäti öwrülip gelen ýaly begendim. Begenmän näme, her näme diýseňem bi obamyzyň söýgüsi ahyryn. Ýöne şo ýazylmandyr öýdýän, okadym diýen bolmady. Soň obamyza şeýle gürrüň ýaýrady.

– Guýylaň suwunyň ajanlygy barada ýa-da ökde düýe çopan hakda bir zatlar ýazsamam ýazardym. Söýgi hakda ýazmak, ýok, bi meň çakym däl-läý…

Her näme-de bolsa, ol çakyny bilýän eken. O ýerde o bolupdyr, bi ýerde bi bolupdyr diýip wazladybermändir. Ýöne bi kyssa ak kagyza ýazylmadygam bolsa, sähralaryň ak takyryna ýazyldy. Özem ony Işannur öz odun ýygýan elleri bilen ýazdy. Şonuň üçinem ony, häli-häzire çenli sähralar ýitirmän gelýär.

Bi Işannuruň öz ýüregini razy edýän pişesi boldy. O ýere öl düşse, palçykdan Ogullanyň heýkelini ýasady. Indi ol uzakly gün şonuň bilen güýmenýädi. Men muňa begenýädim, hemem oglantak döwrümi kalbymda köpräk saklajak bolýadym. Sebäp bar hakykat şonda – ýaşlygymda ýalydy.

Işannur sähel salymyň içinde biziň köşek sürýän takyrymyzy Ogullanyň heýkelinden doldurdy. Olar ownukly-irilidi, özem kändi. Takyryň başlanýan ýerinde-de Ogulla gezip ýördi, gutarýan ýerinde-de. Hatda keçäniň aýtymy ýaly ýere öl düşen bolsa, şo ýerde-de Ogulla bardy. Heýkelleriň sypaýyragy Ogullady, ownugyraklaram onuň joralary – kenizeklerdi.

Işannur onuň öňünde dyza çökýädi, başyny egýädi, aýagyna togap edýädi. Soňam onuň bilen sähralara seýle çykýady. Käte-de ol pikirlerine gark bolup, tä uklap galynça heýkeliň – Ogullaň ýüzüne seredip oturardy.

Men onuň heýkelleriň gapdalynda ýüzüni ýokary edip ýatanyny görýädim. Ol biçak aýdyň asmany, asmanyň jümmüşindäki nurana Güni görmejek bolýan ýaly elleri bilen ýüzüni tutup ýatýady.

x x x

Hemişekisi ýaly ýuwaş hem tukat güýz gelip ýetipdi. Güýzüne sähralara ygal kän düşýär. Ygal köpräk düşüberse heýkeller eremek bilen bolýar. Onsoň Işannur öz Ogullasyndan daşlaşýar. Soň ýene ak takyrlaryň ýüzünde heýkeller dikelýär. Ýene iri damjalar rehim etmeýär…

Gün sähralyga baka aşaklaýar. Asmany çym-gyzyl agşam şapagy örtýär. Alyslykdan Işannuruň göz ýaşlaryndan öl bolan ýüzüne ýyly şemal öwüsýär. Heýkeller güýzüň çygly howasyndan heder edip gagşaýar. Sähralaryň azaply damjasyndan – sähralarda ygal düşmezden öň agyr dymyşlyk bolýar – ýigidiň ýüregi perişan bolýar. Onsoň ýene ýagyş ýagýar. Soň ýene Ogulla dolanyp gelýär…

Öwezmyrat ÝERBENDI.     

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)