ATAWATAN ESERLERİ

Söýgi-durmuşyñ özeni

(Oýlanma)

Güller öz ajaýyp ysyny çar ýana ýaýradýar. Şol ajaýyp güller bilen durmuşyma girip geleniň ýadymda. Duýgular juda kän: tolgunmak, şatlanmak, gabanmak, begenç, söýgi… . Şolaryñ iñ beýigi bolsa söýgidigine durmuşyma girip gelmegiñ bilen magat göz ýetirdim…

Bagt bilen söýgi ýanaşykly gezýän eken. Seniñ yhlas bilen kakan köñlümiñ gapysyny açanymda söýgini görüpdim. Ýöne onuñ ýanynda her kim üçin zerur duýgy bolan bagtam bolsa nätjek. Ýokarda birnäçe duýyguny sanap geçipdim. Seni köñül köşgüme soltan edenim bäri şol duýgularyñ hemmesini başdan geçirip gördüm.Baýramçylyklaryñ birinde bolan waka biygtyýar ýatlama kitabymdan çykyp, göz öñümde edil şu wagt bolýan ýaly janlandy. Gyzlar gülüşip gyzyl gutynyñ daşyna üýşüpdiler. Her kim jorasyna degýärdi. Menem bu şowhundan daşda durup bilmedim, olaryñ ýanyna ýol ýasadym. Men bu ajaýyp sowgady deñ-duş gyzlarymyñ iñ owadanyna gelendir öýtdüm. Kimdigi entäk belli bolmadyk gyza gözüm gitdi. Menem şeýlebir ajaýyp zatlara mynasyp bolasym geldi, söýülesim, hormatlanasym geldi. Belki, beýleki gyzlaram şeýle ýagdaýy başdan geçirendir. Ýöne men öz arzuwlarym bilen awara bolup durupdyryn. Eýesi näbelli gutynyñ kimedigi belli däl, diñe onuñ ýanynda kiçijik kagyza ” Elmydama gözleriñ bagtdan ýylgyryp dursun” diýen ýazgy bardy. Oña çenli gyzlaryñ dogumlyragy gutyny açmagy teklip etdi. Iñ gyzykly ýeri ýetip geldi. Her kimiñ ” Bu sowgat özüme bolaýmasyn” diýen tama bilen gözleri uçganaklaýardy. Diñe men tamam tala dañylmagyndan gorkup ” maña bolaýmasyn” diýip pikir etmekden saklanýardym. Gutyny emaý bilen açdylar. Ondan çekilen surat çykdy. Surada seredip hemmeler doñup galdy, şol sanda menem. Ýöne men ýaly tolgunany, men ýaly aljyrany, men ýaly sakawlap galany ýok bolsa gerek. Çünki ol suratdaky gyz maña juda tanyşdy. Ýok tanyş däl. Ol hut mendim. Ine, şeýdibem tolgunmak duýgusyna-da senli wakada sezewar boldum.

Ýürek söýen ynsanyny özüne bagly bolmazdan gabanýan eken. Aýdym-sazly geçirilýän dabara hemmeler uly taýýarlyk görýärdi. Bu çykyşda sen aşyk ýigidiñ keşbini janlandyrmalydyñ. Boý-syratyñ, görk-görmegiñ, agraslygyñ tüýs türkmen ýigidine mynasyp hüý-häsiýetiñ bilen baş gahrymanyñ keşbine juda gelişýärdiñ. Men seniñ şeýle taraplaryñ üçin juda hormat goýýardym. Her kim tomaşa zalyna gelip ýerleşdi. Ýene az salymdan çykyş başlamaly. Men sahnadakylar gowy görüner ýaly amatly ýere jaýdar ornaşdym. Gözlerim bolsa sahna meýdanyna ser salýardy. Ondan çykyp geljek bir ynsana şeýlebir sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Uludan demimi aldym. Çünki aýdym-sazly dabara alypbaryjylar tarapyndan açyldy. Indi çykyşyñ siziñkidigini bilýärdim. Oýun başlandy. Gyzlar gözel lybaslarda, näz-kereşme bilen sahnany dolduryp durdylar. Meniñ ýüregime söýgi alawyny ýakyp, oña bireýýäm hyrydar çykan ýigit sahnada peýda boldy. Sen ýiti nazarlaryñy alyslara dikip şu sözleri gaýtaladyñ:

” Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,

Yşka düşse guşlar eñrär, gurt aglar.”

Men Pyragynyñ bu setirlerini ýatdan bilýärdim, ýöne sen zybana getireniñden soñ, ol setirler añyma däl-de, ýüregime ýazylypdy. Oýun dowam edýärdi. Şahana lybasa beslenen, boýlary boýuña mynasyp perisypat gyz sen tarapa ýöneldi. Meni düşnüksiz duýgy, gümürtik hyýallar gurşap aldy. Ýürek urgum özüme eşidilip başlady. Siz daşyñyzdan agşyk-magşuklara juda meñzeşdiniz. Hat-da ol gyz menden görmegeýdi, galam gaşlydy, hünji dişlidi. Men seni ýitirip barýan yalydym. Süýji arzuwlarym indi wysal bolmadyk ham-hyýallara öwrülip barýardy. Köñül köşgüm misli boşap galan dek gussa kölüne batypdy. Siz öz rollaryñyzy şeýlebir ökdelik bilen ýerine ýetirdiñiz welin, bu oýun indi hakykata öwrülene döndi. Ilki şatlanyp, joşup, ruhubelent halda gelen gyzdan, ýagny menden nam-nyşan galmady. Çaltrak bu çykyşlaryñ gutarmagyny, bu ýerden garamy saýlamagy isläp başladym. Galan çykyşlar mende hiç hili täsir galdyrmady. Göýä başga adama öwrülen ýalydym. Ýanymdaky gyzlar nämedir bir zada gülüşýärdiler. Sahnadaky gülküli oýunlardan lezzet alýardylar. Meñ bolsa perwaýyma-da däldi.

Çykyş meniñ başdan geçiren duýgularymy göz öñüne tutmasañ, şowly tamamlanypdy. Sahnada öz ukyp- başarnygyny, zehinini görkezenlere gül gowşurylyp, olara minnetdarlyk bildirdiler. Men bolsa bu ýerlerden çaltrak daşlaşmak isleýärdim. Çykalgada kimdir biriniñ adymy tutup çagyrýanyny eşitdim. Yzyma gañrylanymda bolsa, ýylgyryp, gül çemenini bolsa maña uzadyp sen durdyñ…

Şol günden bäri söýgi hakykatdan hem durmuşymyñ özenidigine, sen bolsa söýgide ýürekdeş ynsanymdygyña ýene bir ýola göz ýetirdim.

 

Dilbar Ismailowa,

Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri