JEMGYÝET

«Soňky jaň» dabarasy gutlagy

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!

Sizi uly joşguna we şatlykly pursatlara beslenýän «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz bagtyýar ýaşlarymyzdan beýik işlere garaşýarys. Şoňa görä-de, döwrebap mekdepleri we bilim-terbiýe beren mugallymlary bilen hoşlaşyp, tolgundyryjy hem-de ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirýän mähriban uçurymlara täze durmuş ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenýän ýylynda mekdepleri tamamlaýan oglan-gyzlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde esasy daýanjymyzdyr. Öz ykbalyňy beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak — Garaşsyz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek uly bagtdyr, abraý-mertebedir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň abadan geljegi üçin bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama kämillige ymtylmak täze durmuşa gadam basýan ýaşlarymyzyň belent borjy we esasy maksady bolmalydyr.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanýan üstünliklerimizde, ýetýän belent sepgitlerimizde ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmekde mähriban ýaşlarymyzyň gujur-gaýraty, döredijilikli we tutanýerli zähmeti uly buýsanç duýgusyny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, siz ata-babalarymyzyň beýik däplerini mynasyp dowam etdirip, geljekde özüňiziň bilimiňiz, ukyp-zehiniňiz bilen eziz Watanymyzyň bütin dünýäde abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelisiňiz.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga, ilkinji nobatda bolsa, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalary kämil derejede ulanyp bilýän, Watanymyza we halkymyza wepaly sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Kabul edilen milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy hem-de gurulýar. Bilim edaralaryny ýokary hilli okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlaryny ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Umumybilim berýän orta mekdepleriň on iki ýyllyk bilime geçirilmegi, ýaş nesliň ylymlara we bilimlere höweslendirilmegi, tebigy zehinleriniň açylmagy, ösdürilmegi hem-de hemmetaraplaýyn goldanylmagy bu gün jemgyýetimiziň bilim derejesini düýpgöter ýokarlandyrýar. Biziň alyp barýan bilim syýasatymyz iri halkara guramalary hem-de dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem ýardam berýär.

Döwrümiziň baş ýörelgesine öwrülen «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, biz bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy mundan beýläk-de dowam ederis.

Geljegimiz bolan ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegi, abraýly we hormatly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi biziň hemişelik aladamyz bolmagynda galar.

Mähriban uçurymlar!

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar hem-de amala aşyrylýan özgertmeler öz ajaýyp miwesini berýär. Bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlarymyz halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Dünýäniň dürli künjeklerinde Garaşsyz Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli we başarjaň ýaşlarymyza biz örän guwanýarys!

Bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ösüşleriniň binýadydyr. Şoňa görä-de, ýürekleri hyjuwly bagtyýar uçurymlarymyz beýik maksada — ýurdumyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge gönükdirilen işlerimize gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar. Çünki Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek täze nesil biziň esasy daýanjymyzdyr.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!

Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi