Ylma sarpa goýulýan döwrümizde milli edebiýatymyzy ugurdaş ylymlary bilen öwrenmek, ony taryh taýdan düýpli derňemek, ösdürmek, täzelikleri ýüze çykarmak, taryhy şahsyýetlerimiziň, serkerdelerimiziň döredijiligine esas bolan ýagdaýlar, ýaşan döwrüniň alamatlary bilen deňeşdirip ýüze çykarmak edebiýat ylmynyň esasy ugrudyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz:” Ylymda, bilimde adamzadyň uzak geçmişi, şu güni hem-de nurana geljegi jemlenendir” diýip jaýdar belläp geçýär.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edebiýatymyzy öwrenmek barada köp işler alnyp baryldy. Esasan, serkerde şahyrlaryň döredijiligi dogrusynda birnäçe alymlar öz işlerinde, ylmy makalalarynda durup geçdiler.
Geçen taryhy ýolumyzda döwletiň daşary syýasy ýagdaýy bilen birlikde, ýurduň içerki ýagdaýy-da, medeniýeti-de ünsden düşmändir. Döwleti gylyçdyr galkan bilen goran bolsalar, ol edilen işleri şahyrana setirler bilen beýan edipdirler. Şeýle serkerdeler türkmen taryhynda az däl. Beýle serkerdeligi, hökümdarlygy edebi döredijiligi bilen utgaşdyran alplara, batyrlara serkerde şahyrlar diýip atlandyrmak ýorduma öwrüldi. Şu serkerdeleriň döredijiligine degişli meseleleri öwrenip, halk köpçüligine ýetirilmegi zerurdyr.Türkmen edebiýaty ylymynda serkerde şahyrlaryň döredijiliginiň öwrenilmegi edebiýat öwreniş ylmynyň esasy wezipeleriniň biridir. Türkmen taryhynda we edebiýatynda özboluşly sahypa açan Anadoly seljuk döwletiniň ajaýyp soltany, serkerde şahyry Gylyç Arslandyr. Bu barada:” Oňa Konýa we onuň töwerekleri, Aksaraý, Siwas we Malataýy ýaly döwletler degişlidi. Ol ýigrimi dokuz ýyl şalyk sürdi. Gylyç Arslan syýasaty gowy bilýän we örän haýbatly adamdy. Adyllylygy gowy görýärdi” diýip bellenip geçilipdir . Taryhçy alymlaryň bellemeklerine görä 1075-1308 ýyllarda ýaşan anadoly seljuk hökümdary soltan Gylyç Arslan Haçlylara garşy göreşip, türkmen taryhynda uly yz galdyran serkerde. Ol döwrüniň syýasy sagdynlygyny saklaýan soltany, beýik Watançysy, akyldar alymy, ussat şahyry. Soltan Gylyç Arslan halk köpçüligi bilen bagry badaşan serkerde. Şol sebäpli, haýsy bir meseläniň başyna barsa, halky nukdaýnazardan garap, milletiň bähbidini araýan taglymlary öňe sürüpdir. Şunuň ýaly-da, halkyň ýoluna içgin aralaşyp, hakykaty öz boluşynda suratlandyrmagy, Watany daşary duşmanlardan goraýan merdanalary mynasyp wasp etmegi, öwüt-nesihat bermekde-de nusgalyk göreldesini görkezipdir. Ol özüniň kiçi ogly bilen has ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Bu barada:” Çagalyk döwründen kämillik hetdine ýetýänçä öz ýanynda we nazarynda terbiýelenen, atasynyň hyzmatynda beýleki on bir gardaşyndan has tapawutlanan, kiçi ogly Soltan Gyýaseddin Keýhysrow” diýip bellenip geçilýär.Serkedäniň döredijiliginde, esasan, durmuşy, öwüt-nesihat, ahlaky beýtleri aýratyn orun tutýar. Beýik Soltan özüniň soňky günlerinde kiçi ogly Soltan Gyýaseddin Keýhysrowy ýanyna çagyryp şeýle diýipdir:
Ýok serire1 senden özge beh2 neşin3,
Memleket4, sen şahy kylmyşdyr gözin5.Bu beýtde Soltan öz ogluna döwlet dolanyşygynyň iň wajyp meselelerini, jemgyýetiň ahlak-ruhy sagdynlygyny, tertip-düzgünini, adalatly ýaşaýşyny, il ogly, serkerdesi bolup millete peýda getirip biljekdigine ynam edip öz tagtyny oňa ynanypdyr.Ýurdy söýmek, halkyň erkin durmuşyny, agzybir ýaşaýşyny, öz ülkesini, onuň halkyny, tebigatyny, janly-jandarlaryny daşky duşmanlardan goramak pikiri uly orun tutýar. Soltan Gylyç Arslan, mundan başga-da, öz ogluna göýdük akylyň kä bir ynsanlary gaplap alandygyny şahyrana keşplerde suratlandyryp, şol ýerde ýene söze başlapdyr:
1 Serir-tagt.
2 Beh-gowy, oňat.
3 Neşin-oturmak, oturýan.
4 Memleket-ýurt.
5 Gözin-saýlanan.
Dehr1 içinde kimsine bir gülgüzar ermedi
Kim, zaman çöwre onuň bagryna ýüz har2 urmady
Şana3 kibi şahsyň olmaýynça köňli şah-şah4,
Bir nigäriň zülpi ujuna elin ergürmedi5. Bu beýtde soltan älemdäki ýaşaýşyndaky iki-üç derwaýs mesäläni orta atýar. Serkerde özünde ilim-günüm diýen düşünjäni jemleýär. Iň ygtybarly tarapy-soltanyň öz başyndan geçiren horluklarynyň beýany däl-de, halkyň, uly iliň çekýän derdinden habar berilýär. Şoňa görä-de, serkerde mertlik, batyrgaýlyk, ruhy meselesine zähin siňdiripdir.Durmuşyň, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň uly bölegi bilen baglanyşdyrylýar. Kä bir adamlaryň gylyk-häsiýetlerine aldanyp, birnäçe ynsanyň durmuşyny horlamazlygy nygtaýar.
Ýene bir tarapy hakyky gürrüňi açyp, meseläni deňişdirme edip wesiýet edipdir.Soltan Gylyç Arslan öziniň soňky beýdinde ogluna pelsepeli öwütlerini ündeýär:
Berme dil6 dünýäde ki ol bir biwepadyr, pür jepa
Jamy onuň bir şerap olar şeraby bisapa.
1 Deht-dünýä, älem.
2 Har-tiken.
3 Şana-darak.
4 Şah-şah-şaha-şaha.
5 Ergürmedi-degirmedi.
6 Dil-ýürek, köňül.
Noşy zowkuna höwes kylma ki soňy nişedir1
Içme hamryn2 kim sudag3 eder sana ender kafa4.
Bu pelsepewi beýdiň üsti bilen ýalançy dünýäniň aldawuna düşmezlik ýagdaýyny jikme-jik beýan edýär. Ýagny, şady-horram, keýpi-sapa ýaly hoş geçýän, iniň siňmez ýalana aldanmazlyk iň amatlysydyr diýen ýaly öwüt, bu setirleriň podtekstine siňdirilipdir. Şularyň kök urýan ýerinde ýaşaýşyň huzury bolmaz, nälaç bolmaklyk, adam şekilli ýaşamaklyk diýilen ýaly parasatly pikirler, şahyrana kesgitlemeler, saldamly ruhy öwütler orta atylýar.
Türkmen halkynyň baý edebi mirasyly serkerdesi Gylyç Arslanyň döredijiligini, terjimehalyny örän çuňňur hem-de ähli taraplaýyn öwrenmek onuň mertebe sütünini has-da beýgeljekdigine ynanýarys. Edebiýatyň taryhy hat-da tutuş taryh ylmy üçinem serkerde şahyrlaryň döredijiligi ajaýyp taryhy çeşmedir.
1 Nişedir-hiç zatdyr.
2 Hamryn-arak, şerap.
3 Sudag-kelle agry.
4 Ender kafa-soňundan.
Rahym Rozyýew
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň mugallymy
Jenaýatlary derňemek üçin emeli intellekt: Sülçi ýaly işlär