Güýz – gyş möwsümlerinde bazarlarda diňe bir ýurdumyzda ösdürülip ýetişdirilýän, ýylda bol hasyly alynýan alma, limon, nar, injir, hurma däl-de eýsem, pyrtykal, mandarin we beýleki enaýy sitrus miweleri hem peýda bolýar. Olar üýtgeşik tagamy, hoşboý yssy, saglyga oňyn täsiri bilen tapawutlanýar.
PYRTYKAL
Iň köp ýaýran we has köp ulanylýan bu miwe askorbin turşusynyň, dürli minerallaryň antioksidantlaryň, flawonoidleriň, fitoelementleriň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Şoňa görä-de ol ýürek-damar keselleriniň, şol sanda gipertoniýanyň ( arterial gan basyşynyň, durnukly ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel ), bagyr, dem alyş ýollarynyň keselleriniň berhizli iýmitlenişinde bahasyna ýetip bolmajak önüm bolup durýar.Keýpiňi ýokarlandyrmakda, şähdiňi açmak üçin her gün irden täze sykylyp alnan pyrtykal şiresiniň bir stakanyny içmek peýdalydyr. Düzümindäki turşulary zyýansyzlandyrmak ( neýtrallaşdyrmak ) üçin şiräni içmezden öň deň mukdardaky suw bilen garmak möhümdir. Iýmit siňdiriş ýollarynyň kesellerinde turşy miweleri şol sanda pyrtykaly we onuň şiresini ulanmak maslahat berilmeýär.
MANDARIN
Adatça pyrtykala meňzeş, yöne ondan kiçiräk bolan yuka gabykly, sary, ýiti narynç, gyzyl reňkli miweler il içinde “mandarin” diýip atlandyrylýar. Aslynda welin tangor, kalamondin, strandorin, kelementin, mandarin däl-de, emeli ýol bilen çaknyşdyrmak (seleksiýa) arkaly ondan alynýan miwelerdir. Mandarin diňe sary reňkli bolýar.Mandarinde organiki turşular, kaliý, kalsiý, has köpdür. Düzümindäki betakarotin onkologiki keselleriň öňüni almaga, K witamini bolsa, gan damarlaryny pugtalandyrmaga, olaryň tonusyny saklamaga ýardam edýär. Bu miwe şeýle hem, bronhitde we dem alyş ýollarynyň beýleki kesellerinde peýdalydyr.
LIMON
Bu miwe enäniň we çaganyň saglygyny goramaga ýaramly önümleriň arasynda başdaky orunlaryň birini eýeleýär. Limonyň miwelerinde şire özleşenden soň aşgara öwrülýän turşular bardyr.Limon azotly maddalara, mineral duzlara, witaminlere şeýle hem, ýaralary mikroblardan zyýansyzlandyrýan fitonsidlere baýdyr. Bal bilen goşulyp ulanylanda miwäniň peýdasy artýar. Bu garyndy sowuklama kesellerinde oňat kömek edýär.
LAÝM
Sowuklama kesellerinden goraýan ýene-de bir sitrus miwe – laým daşky görnüşi bilen limona meňzeýär, ýöne ondan has peýdalydyr. Onda ähli sitrus miwelerinde saklanýan makro-mikroelementlerden, witaminlerden, pektinlerden başga kaliý,kalsiý, fosfor köp mukdarda saklanýar. Munuň özi ony parodontitiň hem-de diş syrçasynyň saralmagynyň öňüni almakda, dişleri, süňkleri pugtalandyrmakda ulanmaga mümkinçilik berýär. Ajaýyp antidepressant we bakterisid serişde bolan laým hem-de onuň miwesinden, gabygyndan, ýapraklaryndan taýýarlanan melhemlik ýürek-damar keselleriniň, nerw bozulmalarynyň, kelle agyrynyň bejergisinde dermanlaryň täsirini ýokarlandyrýar.
GREÝPFRUT
Greýpfrutyň iň gowusy, tagamlysy, peýdalysy gyzylydyr. Bedendäki artykmaç ýaglaryň harçlanmagyna itergi berýändigi üçin ony horlanmak maksady bilen berhizli iýmitlenişde ulanmak maksada laýykdyr. Onuň şiresi derini agardýar, ýüzüň derisine owadan öwüşgin berýär. Şonuň üçin, şireden alynýan peýdaly maddalary gözellik serişdelerine goşýarlar. Ýeri gelende greýpfrutyň derman serişdeleriniň köp görnüşleri bilen utgaşmaýandygyny bellemeli. Antibiotikleri, antidepressantlary, gandaky holesteriniň derejesini peseldýän derman serşdelerini ulanýan syrkawa tä bejeriş gutarýança bu miwäni iýmekden saklanmalydyr. Greýpfruty çaý çeşmesi bilen iýmek maksada laýykdyr.
Güljan Törekulyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
20-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama