DÜNÝÄ

Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak dabarasyna gatnaşjak liderler belli bolýar

Şu ýylyň 27-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykypdy.

“Kyodo” habarlar agentliginiň habayrna görä, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň bu ýas çäresine gatnaşmagy üçin iki ýurduň arasynda gepleşikler geçirilýär.

Ýerli metbugatyň habayrna görä, Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresine Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barka Obama, Günorta Koreýanyň Premýer-ministri Han Dok Su, Germaniýanyň ozalky Kanseleri Angela Merkel, Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlygy Tomas Bah ýaly ýolbaşçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Umuman, bu çärä umumylykda 6400 adma gatnaşyp, şolaryň hatarynda daşary ýurtly wekiliýetler hem bolar.

27-nji sentýabrda meýilleşdirilen dabara Imperator köşgüne golaý ýerde ýerleşýän Tokio şäherindäki “Budokan” (söweş sungaty öýi) arenasynda geçiriler. Şu ýylyň 12-nji ýiýulynda Dzodzedzi ybadathanasynda Sindzo Abeniň maşgala agzalarynyň, ýakyn dost-ýarlarynyň we egindeşleriniň gatnaşmagynda ýas çäresi geçirilipdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmaga isleg bildirendigi mälim edilipdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Ata Watan Eserleri