DÜNÝÄ

Si Szinpin we Donald Tramp duşuşdy

Hytaýyň Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen bolan duşuşygynda bu iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň özara bähbitlidigini mälim etdi diýip, Hytaýyň döwlet habar beriş serişdeleri habar berýär.

“Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar öz tebigaty boýunça özara peýdalydyr we iki tarap üçin hem bähbitlidir” diýip, Si Szinpin aýtdy.

Onuň bellemegine görä, HHR-yň we ABŞ-nyň wekiliýetleri ykdysady we söwda meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de “çemeleşilen we oňyn netijeleri” gazandylar.

Şeýle hem Si Szinpin Donald Tramp bilen bilelikde Pekine gelen amerikan telekeçileri bilen duşuşdy. HHR-yň Başlygy hytaý ykdysadyýetini özgertmekde amerikan kompaniýalarynyň ornuny belläp geçdi we ABŞ-nyň kompaniýalaryna Hytaýda mundan hem uly mümkinçilikleriň garaşýandygyna umyt bildirdi.

Pekine, hususan-da, «Tesla» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask we «Nvidia Corp.» ýolbaşçysy Jensen Huang bardylar.

ABŞ-nyň Prezidenti 13-nji maýdan 15-nji maý aralygynda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrýar.

Related posts

Dagyň beýikligi 86 santimetr artypdyr

Türkmenabatda ýoga boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi

Türkmenistan Moskwadaky owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy