DÜNÝÄ

Si Szinpin: türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin

Hytaýyň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylaryndan milli Liderimiziň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy. Dostlukly ýurduň ýolbaşçylary, hususan-da Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžannşu hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutladylar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin öz gutlag hatynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

“Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanmagyňyz türkmen halkynyň Size uly hormat goýýandygynyň, doly goldaýandygynyň hem-de ynam bildirýändiginiň subutnamasydyr. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda täze sepgitlere ýetjekdigine ynanýaryn” diýip gutlag hatynda bellän Si Szinpin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigini hem-de türkmen Lideri bilen bilelikde hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýurtlaryň we halklaryň bähbidine täze derejä çykarmak üçin tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžannşu hem öz gutlag hatynda Hytaý bilen Türkmenistanyň oňat hyzmatdaş, dost we dogandygyny belläp, HHR-niň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, iki ýurduň halklarynyň däp bolan dostlugyny pugtalandyrmaga möhüm goşant goşmaga hem-de dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistan Owganystana goldawyny dowam etdirer

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri