JEMGYÝET

Si Szinpin: hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Şol hatda Si Szinpin hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp geçýär.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Partiýanyň we Hytaýyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ХХ gurultaýynyň üstünlikli geçendigi hem-de HKP-niň MK-nyň 20-nji çagyrylyşynyň Birinji plenumynda partiýanyň täze merkezi ýolbaşçy düzüminiň saýlanmagy, şeýle hem meniň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagym mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

HKP-niň gurultaýynyň möhüm netijelerine hem-de uly ähmiýetine ýokary baha bermegiňiz partiýa we Hytaýyň halkyna, şeýle hem hut meniň özüme Siziň ýakymly, dostlukly garaýşyňyzy äşgär edýär.

Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan soňra geçen 30 ýylyň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk durnukly ösdürilýär, strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine ýetildi.

Soňky ýyllarda Hytaý bilen Türkmenistan birek-biregi berk goldaýar hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar, munuň özi iki ýurduň ösüşine täze itergi berýär, halkara we sebit derejesinde parahatçylygyň, ösüşiň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin hem-de strategik häsiýetli ikitaraplaýyn gatnaşyklary iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine täze derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär