DÜNÝÄ

Si Szinpin BRIKS sammitine gatnaşar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 21-24-nji awgust aralygynda Günorta Afrika Respublikasynda saparda bolar we BRIKS guramasynyň XV sammitine gatnaşar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministriniň resmi wekili Hua Çunin habar berdi. – Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramaposyň çakylygy boýunça Si Szinpin 21-24-nji awgusta aralygynda bu ýurtda resmi saparda bolar. Şeýle hem Ýohannesburg şäherinde geçiriljek BRIKS-iň sammitine gatnaşar – diýlip bellenilip geçilýär.

Si Szinpin bu saparynyň çäklerinde birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirer.

BRIKS – Braziliýa, Rusisýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika Respublikasy ýurtlaryň döreden guramasydyr. Bu guramanyň sammiti 22-24-nji awgust aralygynda geçiriler. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bu sammite sanly ulgam arkaly gatnaşar. Rus tarapyna sammitde daşary işler ministri Sergeý Lawrow wekilçilik eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar