SPORT

Şewçenko şertnamasynyň möhletini uzaltdy

Ukrainanyň Futbol Bileleşigi ýurduň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi Andreý Şewçenko bilen bolan şertnamasynyň möhletiniň 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzadylandygyny mälim etdi. 43 ýaşly hünärmen bilen täze şertnama gol çekişildi.

Şewçenko 2016-njy ýylyň tomsunda milli ýygyndynyň tälimçiligine bellendi. Ukrainanyň milli ýygyndysy onuň tälim bermeginde 33 duşuşygyň 19-ynda ýeňiş gazanyp, 5 gezek ýeňildi we 9 duşuşykda deňme-deň oýnady. Milli ýygyndynyň 2021-nji ýyla süýşürilen we 2020-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan Ýewropa çempionatyna gatnaşmagynda Şewçenkonyň goşandy uludyr.

Andreý Şewçenkonyň özi hem tanymal futbolçydyr. Ol Ukrainanyň “Dinamo Kiýew” toparyndan futbol ýoluna başlap, soňra Italiýanyň “Milan” hem-de Angliýanyň “Çelsi” toparlarynda çykyş etdi. Sewçenko “Milan” toparynyň düzüminde uly üstünliklere ýetdi. Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, UEFA-nyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy hem-de Ýewropanyň iň gowy futbolçysy diýen ada eýe boldy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi