DÜNÝÄ

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň ilçisine täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew tarapyndan kabul edildi.

2026-njy ýylyň 10-njy martynda Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen onuň täze wezipä geçirilmegi mynasybetli duşuşdy.

Taraplar hyzmatdaşlyk meselelerini, GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk işlerini hem-de Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Sergeý Lebedew Esen Aýdogdyýewe täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Ameirkanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi wezipesine bellenilip, Russiýadaky ilçisi wezipesinden boşadylypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar