SPORT

Sergen Ýalçyn tälimçilikden meýletin çekildi

Türkiýäniň “Beşiktaş” toparynyň tälimçisi Sergen Ýalçyn wezipesinden meýletin çekildi. Toparyň ýolbaşçy düzümi hem tälimçiniň karary düşünmek bilen kabul etdi.

Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda bu toparyň tälimçisi wezipesine bellen Sergen Ýalçynyň ýolbaşçylygyndaky topary oňat netijeler görkezdi. Geçen möwsümde Türkiýäniň çempiony bolan “Beşiktaş” topary UEFA-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanypdy.

Ýöne Sergen Ýalçynyň ýolbaşçylygyndaky “Beşiktaş” topary bu möwsümde garaşylan netijäni görkezip bilmedi. Çempionlar ligasynda toparçada geçirilen duşuşyklaryň ählisinde ýeňlen “Beşiktaş” topary “0” utuk bilen Çempionlar ligasyny tamamlady.

Toparyň soňky döwürdäki şowsuz çykyşlaryndan soňra Sergen Ýalçyn wezipesinden meýletin çekilmek kararyna geldi.

Tälimçiniň kararyna hormat goýan toparyň ýolbaşçy düzümi täze tälimçiniň gözlegine çykdy. Toparyň täze tälimçisi üçin Türkiýeden, Germaniýadan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan tälimçiler göz öňünde tutulýar.

Russiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky tälimçisi Stanislaw Çerçesow hem bu wezipä dalaşgär görkezilen tälimçileriň hatarynda durýar.

Sergen Ýalçyn “Beşiktaş” toparynda futbol hem oýnady. Ol bu toparyň düzüminde 1991/92, 1994/95 we 2002/03 möwsüminde futbolçy hökmünde çempion bolupdy.

 

Türkmenistan Astrahanda logistika merkezi açar

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder