Şu günler Amul derýasynyň kenaryndaky gadymy Lebap topragynda halkara festiwal geçiriler. Bu festiwal ýurdumyzyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň giňden dünýäde wagyz edilmegine bagyşlanandyr.
Birnäçe günden bäri Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly geçirilýär. Oňa dünýäniň ençeme ýurdundan myhmanlar gatnaşýar.
Bu festilwalyň çäklerinde geçirilýän sergide türkmen halkynyň hem-de dünýä halklarynyň birnäçesiniň senetçiligi, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Senetçiligiň görnüşleri bolan küýzegärçilik, dutar ýasamak, agaç ussaçylygy, binagärlik, zergärçilik bilen bagly gymmatly maglumatlary özünde jemleýän eksponatlar halklaryň arasyndaly medeni gatnaşyklaryň taryhy kökleriniň gadymdan gaýdýandygyny aýdyň görkezýär.
Halyçylyk sungaty, keçe taýýarlamak, keşdeçilik bilen bagly görkezilen işlerde biziň ene-mamalarymyzdan miras galan, häzirki günde-de dowam etdirilýän el hünärleriniň her biriniň sungat derejesine ýeten nusgalardygyny aýan edýär. Daşary ýurtlardan gelen myhmanlar türkmen zenanlarynyn on barmagynyň hünäri bolan el işleriniň her birini synlap, ussatlyk bilen dokalan nepis halylara, keçelere, keşde işlerine ýokary baha berdiler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli mirasymyzy, amaly-haşam sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, sungat derejesine göterilen senetçilik, ussaçylyk däplerini yzygiderli ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak maksady bilen geçirilýän dürli medeni çäreler, festiwallar, bäsleşikler milli mirasymyza goýulýan belent sarpadan nyşan. Doganlyk ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu günki halkara festiwal türkmen medeniýetiniň, amaly-haşam sungatynyň öwrenilmeginde, dünýä ýaýylmagynda täze sahypany açar.
Halyçylyk, keçe basmak, dutar ýasamak, zergärçilik, küýzegärçilik, binagärçilik, netjarçylyk, heýkeltaraşlyk ýaly milli senetler asyrlarboýy dörediji nesilleriň ussatlygyny özüne siňdirip, kämilleşip, sungat derejesine ýetipdir. Senetçilik sada mazmuna, sungat bolsa gaýtalanmajak syrly sazlaşyga eýedir. Şu jähetden halkymyzyň sungata öwrülen senetçiligi iňňän inçe, gözellikde deňi-taýy bolmadyk eserleri bilen türkmeniň kalbynyň örän baýdygyny açyp görkezýär. Zähmetsöýer, döredijilik ukyply halkymyzyň zehini, ussatlygy, gözellik duýgusy amaly-haşam sungatynda we milli senetçilikde aýdyň ýüze çykýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň, senetkärleriň, ussalaryň, halkyň çeper döredijiligi bilen meşgullanýan mirasgärleriň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralar, festiwallar, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler dostlukly halklaryň arasynda ýola goýlan hoşniýetli hyzmatdaşlygy täze belentliklere göterýär.
Zöhre Ballyýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Durmuş-ynsanperwer bilimleri fakultetiniň
Žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
