SENEM GELERSIŇ ONSOŇ…
Men garaşaryn saňa,
Senem gelersiň. Onsoň,
Diýersiň: «Zat gerek däl,
Bolar maňa sen bolsaň!»
Durkumy baglap yşka,
Syparsyň ýaňagymy.
Ol pursat sygmaz goşga,
Doldyrsyň damagymy.
Küýsän sözlermi sözsüz,
Ýüregiňden aýdarsyň.
Nirä gitseňem mensiz,
Meni küýsäp gaýdarsyň.
Men garaşaryn saňa,
Senem gelersiň. Onsoň
diýerin: «Zat gerek däl,
Bolar maňa sen bolsaň!»
SAŇA
Bilýäňmi ýanyña ýetmegim üçin,
Müñ gezek ýykyldym, müñ gezek galdym.
Sen meni bagtly etmegin üçin,
Ykbalda hakyky betbagt boldum.
Arzuw etdim uzyn-uzyn gijeler,
Kysmatym deý tümlük boldy howandar.
Ömür üzre gara çykan bijeler,
ýaşaýyşdan ellerini sowadýar.
Seniň bilen söhbet gurdum, ýeñledim,
Saña meniñ ähli syrym aýandy.
Sen barada müñläp şygyr jemledim,
Ýöne olan hemmejesi hyýaldy…
Ine bir gün pyşyrdady kysmatym,
Söýgi bilen señ ýoluñy sakladym.
Men munda hiç zada gulak asmadym,
Şowsuzlyklaň yüzünede bakmadym.
Men seniñ ýanyña ýetmeklik üçin,
Dileg saldym Ýaradanyñ adyna.
Sen meni bagtly etmeklik üçin,
Söýgi bolup ýetdin munda dadyma.
HABARYŇ BARMY
Köñlümi kinä ýugurmuş,
Halymdan habaryñ barmy?!
Gül ýüzüm ýaşa ýuwulmuş,
Zarymdan habaryñ barmy?!
Düşmez göz-göze perdeden,
Ykbaldyr şygry pent eden,
Aşyklyk ýaman dert eken,
Zalymdan habaryñ barmy?!
Uçdy gitdi pikrim-oýum,
Gam basar gün geçdik saýyn,
Ýüzdi gitdi seniñ taýa,
Salymdan habaryñ barmy?
Düzmüşem kalbyñ heñine,
Üzülmiş salyp çemine,
Bu gün ýyglaýyr deñime,
Sazymdan habaryñ barmy?
Hoş sözüñe ömrün beren,
Umydy bar tereñ-tereñ,
Didaryña suwsap ýören,
Ýaryñdan habaryñ barmy?
TEOREMA
Diňe söýmeýänler gabanyp biler,
hem söýýänler aklyň çygryndan aşyp:
Ol biriniň bil baglara yşky ýok,
Ol biri aklyndan aýrylan aşyk!
Nobatguly Rejebow,
“Gabanmak”.
Men welin bularyň üçinji biri,
Aşyk bolup, aklyn…
Yşkyn ýitiren…
Ne-hä bir Bakyda, ne-de bir diri,
Seň arzuwyň bilen dür hünji düzüp,
Arşy Agla doga edip ýetiren,
Dünýäniň tarhany, söýgiň ýesiri.
Gözün ýumsa goşgy görýän garantga,
Oýalykda düýşe çümen hyýal men.
Bar umydy Ylham atly daragtda,
Okap, okap bu durmuşyň dersini,
Ejizlige düşünmedik aýal men,
(Garaşmadyk zadyň geler garaşsaň…)
Köze dönen yşkyn gorap ýagyşdan,
Ony öz-özünden gabanyp ýören,
Sen düşünde, düşnüksizi bagyşla,
Asyl hiç bir zada serim, erkim ýok,
Halymy soraýar ahwalym gören,
Gül men…
açylan hem solan ümüş-tamyşda…
Gabanmakmy?! Ejiz görüp bu sözi,
Täze kesgitlemäň çykdym ugruna.
Asyl täze teoremaň hut özi,
Söýgi bolup sünjülipdir bagryma…
Aşygam däl, diwanada, dälem däl,
Üçinji men kimseligi mälim däl.
Gülşirin HANOWA