SPORT

Senegally futbolçylara ýer bölegi sowgat edildi

Senegalyň Prezident köşgünde Afrika Kubogyny gazanan Senegalyň milli ýygyndysy üçin sylaglama dabarasy geçirildi. Dabara Senegalyň milli ýygyndysynyň futbolçylary, maşgalalary, syýasatçylar, ministrler we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Senegalyň Prezidenti Makki Sall “Teranganyň ýolbarslary” lakamly milli ýygyndy toparyny Afrika Milletler Kubogynda gazanan ýeňşi bilen gutlady we milli ýygyndy agzalaryny “Milli Arslan ordeni” döwlet sylagy bilen sylaglanylandygyny belledi.

Şeýle hem Prezidenti Sall her bir futbolça 87 müň dollar pul baýragy we Dakar şäherinde 2 sany ýer berendigini aýtdy.

Senagal 6-njy fewralda Afrikanyň Milletler Kubogynyň finalynda Müsüriň ýygyndysy bilen duşuşyp, ýeňiş gazandy we ilkinji gezek bu abraýly kubogy eýeledi.

 

Ýeralma mantysy

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri