Senegalyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Afrika milletler kubogynyň finalynda Marokkony 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Marokkoda geçirildi. Afrika kubogyny Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň düzüminde çykyş edýän, şeýle hem Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada gelmegine garaşylýan Sadio Mane galdyrdy.
Esasy wagt 0:0 hasaby bilen tamamlandy. Şeýle-de, ikinji ýarymyň goşmaça wagtynda marokkolylar 11 metrlik jerime urmak hukugyny gazandylar. Muňa garşylyk hökmünde Senegalyň topary meýdançany terk etdi, emma soňra ýene-de oýna gaýdyp geldi.
Marokkonyň ýygyndysynyň futbolçysy Briam Dias 11 metrlik jerime urgusyny goşmaça wagtyň 24-nji minutynda ýerine ýetirdi. Ol topy “panenka” usuly bilen urmaga synanyşdy, ýöne Senegalyň derwezebany Eduar Mendini aldap bilmedi.
Duşuşygyň ýeňijisini kesgitlemek üçin 15 minutda jemi 30 minutlyk goşmaça wagt berildi. Goşmaça wagtyň başynda, 94-nji minutda Senegal hasaby açdy. Golyň awtory — Pap Geýe. 1:0 hasaby goşmaça wagtyň ahyryna çenli üýtgemedi. Netijede, Senegal ýeňiş gazanyp, Afrika milletler kubogynyň iki gezek ýeňijisi boldy.
Afrika kubogynda 3-nji orny Müsüriň ýygyndysyndan üstün çykan Nigeriýa boldy.
Senegalyň Prezidenti Bassiru Diomaýe Faýe 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynyň ýurtda tölegli dynç güni boljakdygyny mälim etdi.
