ATAWATAN ESERLERİ

Senagat pudagynda sanly ulgamy ornaşdyrmak

Sanly senagat – bu günki günde döwletleriň ykdysadyýetiniň ösüşinde esasy hereketlendiriji güýje öwrüldi. 2019-njy ýylda senagaty sanlylaşdyrmak dünýä sanly ykdysadyýetiniň 84,3 %-ini we dünýäniň jemi içerki önüminiň 35%-ini kemala getirdi. Ösen ýurtlarda senagat pudagyny sanlylaşdyrmak sanly ykdysadyýetiň 86,3%-ini düzse, ösýän döwletlerde bu ülüş 78,6%-e deňdir. Ösen döwletler aragatnaşyk we programma üpjünçilik ugrunda iň güýçli wekiller bolup, olar elektron söwda we ýokary derejedäki öndürijilige eýe bolan ýurtlardyr.

Sanly senagatlaşma pudaklar boýunça bölünende birlenji, ikilenji we üçlenji toparlara tapawutlandyrylmagy mümkin. Alyp barýan işiniň aýratynlygyna görä biz olary oba hojalygy, önümçilik we hyzmat ediş ulgamlaryna bölüp bileris. Dünýäde hyzmat ediş ulgamynda sanly transformasiýa beýleki iki sektora garanda ýokary depginde ösýär.

Bu esasan, her bir sektoryň özüne mahsus aýratynlyklaryna baglydyr. Hyzmat ediş ulgamynda sanly transformasiýa önümçilige seredende aňsat amala aşyrylýar. Çünki hyzmatlar ulgamynda gündelik çykdajylar az, tranzaksiýa çykdajylary bolsa köpräk bolýar. Oba-hojalyk pudagynda sanly ulgamy ornaşdyrmakda köpsanly kynçylyklar ýüze çykýar. Sebäbi bu pudakda önümçilige daşky gurşaw we tebigy ýagdaýlar ýokary derejede täsir edýär.

Ösen ýurtlarda köplenç sanly transformasiýa we ösüş görkezijileri ýokarda ady agzalan üç pudakda hem deň derejedäki deňagramlykdadyr. IDC (International Data Corporation) çaklamalaryna görä, 2022-nji ýyla çenli dünýä jemi içerki önümini öndürijileriň 65%-i sanly ulgama geçer. 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli sanly transformasiýa goýulýan maýa goýumlarynyň mukdary 6,8 trl dollara ýetmegi mümkin. Häzirki wagtda kärhanalaryň sanly ulgam ornaşdyrylyşy 1.0 modelinden 2.0 modele çenli ösýändigini görmek bolýar.

Bulut tehnologiýaly hasaplama, uly maglumatlar, mobil we sosial aragatnaşyk torlary 2007-nji ýyldan bäri senagat pudagynda hem uly gyzyklanma döredýär. Senagat kärhanalary bu maglumat tehnologiýalaryny öz hojalyk we önümçilik, söwda işlerine innowasiýa girizmek üçin peýdalanýarlar. Bu döwür 1.0 sanly transformasiýa döwri boldy.

Mundan beýläk, sanly ulgam iri innowasiýalary amala aşyrmaga ýardam berer. Senagat kärhanalarynyň innowasion mümkinçiliklerini has-da ösdürmek üçin emeli intellekt, IoT (Internet of things) we blokçeýn ýaly täze tehnologiýalar gerek. Bu bolsa 2.0 sanly transformasiýa döwri bolar.

IDC kompaniýasy senagat kärhanalarynda 2.0 sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin dokuz sany ugur boýunça dogry şertleriň döredilmegi gerekdigini anyklady. Bu ugurlar sanly ulgamyň geljegi, ynam, intellekt, müşderiler we sarp edijiler, işler, operasiýalar, özara aragatnaşyklar, sanly innowasiýalar we senagat pudaklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Sanly transformasiýa – bu bäş tapgyrdan ybarat. Uzak dowam edýän bu prosesiň başlangyç, ýerli giňelme, replikasiýa, operasiýalary dolandyryş, optimallaşma we innowasiýa ýaly tapgyrlaryny tapawutlandyrmak bolar. Önümçilikde we beýleki ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmagy başlan ähli senagat kärhanalarynyň 70%-den gowragy häzirki wagtda “Ýerli giňelme” we “Replikasiýa” tapgyrlaryndadyr. Diňe 3,9% kärhanalar “optimallaşma we innowasiýa” tapgyryna ýetmegi başardy. Iri kärhanalarda doly derejdäki sanly ulgama ýetmek üçin azyndan 10 ýyl wagt gerek bolýar.

Sanly ulgama geçmekde birnäçe möhüm basgançaklary aýratyn tapawutlandyryp görkezmek bolar:

  1. Sanly transformasiýa strategiýasyny amala aşyrmak bäş sany pudakda özgertmeleri talap edýär.
  • Habarlylyk: siziň nähili işleýäniňiz iki sany proses bilen bahalanýar: biznes we tehnologiýa. Siz biznes zerurlyklaryňyzy, müşderileriňiziň talaplaryny wagtynda duýup, tehnologiýanyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak arkaly ýüze çykan meseleleri çözmegiňiz gerek. Müşderileriň we ulanyjylaryň zeruryýetinden habarly bolmagyňyz juda möhümdir.
  • Medeniýet: platformalary döretmek we resurslardan bilelikde peýdalanmak sanly transformasiýa alyp barýan esasy ýoldur. Şol sebäpli hem özgertmeleri goldamak üçin medeni aňy we özboluşlylygy özgertmelere uýgunlaşdyrmalydyr.
  • Guramaçylyk: integrasiýalaşan toparlar ýeketäk sanly platforma esasynda sanly maksatnamalary ornaşdyrmak üçin biznes we IT bölümi ähli işgerleri özünde jemlemelidir.
  • Metodologiýa: sanly ulgamy ornaşdyrmakda berk binýady döretmek üçin sanly obýektler, ýagdaýlar we kadalara geçmek we peýdalanyş görnüşlerini, çözgütlerini artdyrmagy dowam etdirmelidir.
  • Model: telekeçilik, operasion we dolandyryş modellerini sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden we maksatlaryndan gelip çykýan ýagdaýlara uýgunlaşdyrmalydyr.
  1. Smart tehnologiýalary ulanmak we emeli intellekti kämilleşdirmek arkaly esasy iki sany ugra üns bermek zerurdyr. Bu üstünlikler müşderileri has hem hoşal edýär. Senagat edarasynyň öndürijiligini we kuwwatlylygyny artdyrýar.
  • Ulanyjylaryň we sarp edijileriň gyzyklanmalaryna we isleglerine üns bermeli we öz tejribesini alty görnüşdäki ulanyjylara ýetirmelidir: müşderiler, sarp edijiler, hyzmatdaşlar, önüm öndürijiler, eltip berijiler we işgärler.
  • Düşewüntliligi elden bermezlik – söwda we geleşik, şol sanda ähli biznes işleriniň kämil derejedäki arhitekturasyny taýýarlamaly. Bolup biläýjek ýagdaýlaryň ýüzlerçe ssenariýasyny düzmeli. Krizisiň kemala gelmegi ähli biznes işiniň ýok bolmagyna getirer.
  1. Sanly transformasiýanyň ähli taslamalaryny ýeketäk maksada gönükdirmek zerurdyr.

Ulanyjylaryň we müşderileriň sowallaryna jogap bermek işiňizi rowaçlandyrar. Häzirki wagtda ösen kompaniýalaryň iş tejribesine salgylansak, “Huawei” kompaniýasynyň müşderilerini goldamak boýunça akylly hyzmatlary uly netijelere eýe boldy. Kompaniýanyň bu ulgamy her minutda 4000-e çenli müşderileriň soraglaryna jogap berýär. Her aý 6 milliondan gowrak ulanyjylaryň sowallary özüniň dogry derejedäki çözgüdine gowuşýar. 92,8% soraglara bolsa robotlar tarapyndan jogap berilýär.

Ýokarda gürrüň eden tehnologiýalarymyz, sanly ulgamy durmuşa we senagat edaralaryna ornaşdyrmak boýunça amaly maksatnamalarymyz sanly senagaty kemala getirmekde iň netijeli seljermeleriň biridir. Sanly senagat bizi gurşap alan sferany, durmuşymyzy, okuwymyzy, işimizi, dynç alşymyzy, sözüň doly manysynda ömrümizi sanly ulgama uýgunlaşdyrmagyň iň möhüm basgançagydyr.

Toýly Muhammetdurdyýew,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Fotohabarçy Ýuriý Iwanowiç Şkurini ýatlap…

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri