MEDENIÝET

Sazandalaryň we bagşylaryň milli bäsleşigi jemlendi

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan «Dutar ýasamak senetçiligi, saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Bu döredijilik gözden geçirilişiniň maksady – türkmen halkynyň we dünýä medeniýetiniň taryhy-medeni mirasynyň gymmatly baýlygy hasaplanýan bagşyçylyk sungatyny köpçülige giňden ýaýratmak, şeýle-de, milli saz gurallaryny ýasamagyň ussatlygyny kämilleşdirmek, hünär tejribesini alyşmak we dutarçylyk, bagşyçylyk senediniň milli mekdebini ösdürmekdir.

Bäsleşige ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, medeni merkezleriň we teatrlaryň işgärleri hem-de çeper höwesjeňler gatnaşdylar.

Bäsleşik üç ugur: dutar ýasamak, dutar çalmak we bagşyçylyk senedi boýunça geçirildi. Tejribeli eminleriň kesgitlän iň gowy sazandalary we bagşylary diplomlar we hormat hatlary bilen sylaglandy.

 

Müsürde 3 müň ýyllyk altyn şäher tapyldy

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri