SPORT

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy “Barselona” toparyny satyn alyp biler

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud ispan futbol kluby «Barselonany» satyn almak üçin 10 milliard ýewro teklip etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “El Chiringuito” neşiriniň žurnalisti Fransua Galýardo “X” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Žurnalistiň bellemegine görä, «Barselonanyň» satuwyna klubuň prezidentini saýlamaga gatnaşýan agzalar päsgel berip biler. Ozal Žoan Laporta «Barselonanyň» prezidenti wezipesine gaýtadan dalaşgär bolmajakdygyny mälim edipdi. Laportanyň häzirki ygtyýarlyk möhleti 2027-nji ýylda tamamlanýar.

Laporta 63 ýaşynda bolup, ol 2021-nji ýyldan bäri «Barselonanyň» prezidenti wezipesini eýeläp gelýär. Ondan ozal hem 2003–2010-njy ýyllarda bu wezipede bolupdy. Onuň ýolbaşçylygynda topar alty gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, üç gezek ýurduň kubogyny, dört gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy, iki gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, şeýle hem bir gezekden UEFA-nyň Superkubogyny we klublar boýunça dünýä çempionatyny gazandy.

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”