JEMGYÝET

Saud Arabystanynyň haj we umra ministriniň Aşgabada sapary

Saud Arabystany Patyşalgynyň haj we umra ministri Taufik bin Fauzan Al-Rabianyň ýolbaşçylygyndaky hajylara hyzmat berýän wekiliýet Türkmenistanda resmi saparda boldy. Bu barada Saud Arabystanynyň resmi habarlar saýty habar berýär.

Saparyň dowamynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklarda Saud Arabystany Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňletmek, hajy ybadatyny amala aşyrmaga isleg bildirýänlere edilýän hyzmatlar boýunça pikir alşyldy. Hususan-da hajylaryň öz ybadatlaryny aňsatlyk bilen ýerine ýetirmegi ugrunda tejribeleriň artdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Al-Rabia hajylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de olara äli mümkinçilikleri döretmek ugrunda ygrarlydyklaryny belledi.

Saud Arabystanynyň ministri ylym-bilim, saglygy goraýyş we durmuş ugurlarynda gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa hem-de Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Hojagulyýew bilen duşuşdy.

Şeýle hem saud wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşdy. Bu duşuşykda Türkmenistanyň hajylarynyň ulag hyzmatlaryny gowulandyrmak babatdaky meselelere garaldy.

Şeýlelikde, Saud Arabystany Patyşalgynyň haj we umra ministri Taufik bin Fauzan Al-Rabianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu sapary Saud Arabystany bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Magtymguly Pyragy: Aşgabat halkara foruma taýýarlanýar

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si kabul edildi