DÜNÝÄ

Saud Arabystanynda komendantlyk sagatlary ýatyryldy

Saud Arabystanynyň Hökümeti koronowirus pandemiýasy sebäpli, 23-nji martda başlanan komendantlyk sagaty tertibini 21-nji iýun güni bes etdi. Bu barada ýurduň içeri işler ministrligi tarapyndan: «21-nji iýun güni ir sagat 6-dan başlap, ýurduň ähli sebitlerinde komendantlyk sagady tertibi ýatyryldy» diýip, habar berildi.

Beýanatda ynsan saglygy bilen bagly käbir ýagdaýlaryň ozalkysy ýaly saklanyp galýandygyna hem üns çekildi. Hökümet raýatlardan köpçülik ýerlerinde örtükli gezmegi, 50 adamdan artyk ýygnanyşyklary geçirmezligi talap etdi.

Ýöne syýahat we zyýarat işlerine goýlan çäklendirmeler ozalky güýjünde galýar. Mekge şäherine Haj zyýaratynyň açyljak senesi bolsa henize çenli nämälim.

21-nji iýunda esasy aýrylan çäklendirme döwlet we hususy kärhanalaryň işläp başlamagydyr. Döwlet heniz serhetlerini açanok.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri