DÜNÝÄ

Saud Arabystany ýene derwezelerini açdy

Saud Arabystany 21-nji dekabrda daşary ýurtlularyň ýurda girmegini wagtlaýyn çäklendiripdi. Ýakynda bolsa ýurduň hökümeti bu çäklendirmeleri ýatyrdy. Indi daşary ýurtlular kesgitlenen talaplara laýyklykda ýurda baryp bilerler.

SPA habarlar gullugynyň habaryna görä, ýurda gelýän myhmanlar ýakynda Angliýada, Günorta Afrikada we koronawirusyň täze görnüşiniň aralaşan beýleki döwletlerinde bolmadyk bolsa, Saud Arabystanyna kabul ediler. Şeýle hem ýurda gelen daşary ýurtlulardan koronowirus ýokanjynyň ýokdugy barada kepilnama talap ediler. Olaryň 3 günden 14 güne çenli karantin gözegçiliginde saklanylmagy hem mümkin.

Saud Arabystanynyň Hökümetiniň bu karara gelmeginde Angliýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň koronawirusyň täze görnüşiniň ýüze çykmagy bilen bagly howply ýagdaýyň 70 göterime çenli ýaýrandygy bilen bagly beýanaty sebäp boldy. Şonuň üçin Hökümet dekabr aýynyň ortalarynda Anglliýa uçar gatnawlaryny duruzmak kararyna geldi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy