SPORT

Saud Arabystany Messi bilen gyzyklanýar

Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary Argentinanyň ýyldyzy Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi bilen gyzyklanma bildirýär we oňa ýyllyk 330 million ýewrodan az bolmadyk möçberde şertnama hödürlemäge taýýardygyny mälim edýär. Bu barada ispan gazetleri habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem habar berşimiz görä, Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary 2025-nji ýyla çenli “Altyn pökgi” baýragyny 5 gezek gazanan portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo bilen şertnama baglaşypdy. Onuň şertnamanyň möçberi 200 million ýewro barabardyr.

Başga bir saud topary portugal futbolçynyň şertnamasyndan has ýokary möçberde şertnama bilen Messini satyn almagy göz öňünde tutýar.

Neşiriň habar bermegine görä, Messiniň topara çagyrylmagyna Saud Arabystanynyň hökümeti hem gyzyklanma bildirýär. Bu iki futbolçynyň Saud Arabystanynyň milli çempionatynda çykyş etmegi has köp syýahatçy çekmäge hem-de 2030-njy ýylda Saud Arabystanynyň Müsür we Gresiýa bilen bilelikde dünýä çempionatyny geçirmegine oňyn täsir etjekdigi bellenilýär.

Messi 35 ýaşynda we 2021-nji ýylyň tomsundan bäri “PSŽ” toparynyň düzüminde çykyş edýär. 2003-2021-nji ýyllar aralygynda “Barselona” toparynda çykyş eden Messi 7 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi we Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň çempionydyr.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi