SPORT

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar

Saud Arabystany dünýäde ilkinji gezek köp gatly binanyň depesinde ýerleşjek futbol arenasy — “NEOM Sky Stadium” taslamasyny durmuşa geçirjekdigini mälim etdi. Taslamanyň bahasy 1 milliard dollara deň bolup, onuň 2032-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.

“NEOM Sky Stadium” taslamasy 350 metr belentlikde, köpugurly binanyň üstünde gurlar we inženerçilik taýdan täsin desganyň biri bolar. Binanyň içinde janköýerler, guramaçylar we žurnalistler üçin myhmanhanalar hem-de söwda meýdançalary ýerleşer.

Stadion 46 müň adamy kabul eder. Janköýerler diňe futbol oýny däl, eýsem, Er-Riýadyň ajaýyp şäher görnüşi hem guşuçar belentliginden synlamak mümkinçiligine eýe bolar.

Taslama dolulygyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine daýanar, bu bolsa onuň uglewodrod bitaraplygyny üpjün eder. Türgenleriň we tomaşaçylaryň rahatlygy üçin ýörite howa çalşygyny we sowadyş ulgamyny döretmek meýilleşdirilýär — bu ulgam ýokary belentlikdäki we yssy şertleriň täsirini ýeňilleşdirmäge kömek eder.

“NEOM Sky Stadium” taslamasynyň gurluşygyna 2027-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Onuň Saud Arabystanyda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri bolmagyna garaşylýar. Soňra bolsa stadionda ýylboýy konsertler we beýleki sport çäreleri geçiriler.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi