SIZDEN GELENLER

Sarpasy belent bedewler

Ynsan kalby hemişe gözellige maýyl. Gözellik her bir kişä ruhy güýç berýär. Türkmeniň öz mähirli kalbyna meňzeş nepis halylaryny, goýnunda müňbir gül-gülälek bitýän gözel tebigatyny, mawy örtünjeli belent-belent daglaryny, tereň-tereň çeşme-çaýlaryny… synlap heý, ganan barmyka? Elbetde, ýokdur.

Gözellik dünýäsi hakynda söz açylanda, ýene bir aňrybaş taýsyz nepisligiň kalbymyza doljakdygy ikuçsyzdyr. Ol – endamyna Hakyň nury çaýylan, çyrpynyp asmana galanda, şatlygyny dilsiz äleme ýaýyp duran gamyşgulak dal bedewlerimizdir.

Türkmen bedewi diňe bir syn-sypaty bilen göreni haýran goýman, özüniň gylyk-häsiýeti bilen hem özüne maýyl edýär. Şeýle ajaýyp bedewleriň ähli zamanlarda hem halkymyz tarapyndan üns merkezinde saklanyp gelnendigi mälimdir. Ýöne, häzirki ajaýyp döwrümizdäki ýaly olara döwlet derejesinde    sarpa goýlan hiç bir döwrüň bolmandygy belli hakylatdyr.

Häzirki döwürde türkmen bedewine goýulýan sarpa has ýokary derejelere ýetdi. Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny arşa galdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amal edýän  nusgalyk işleri bütin ilimizi hem-de dünýä ýüzündäki bedew janköýerlerini guwandyrýar.

Ýelden ýüwrük bedewlerimiz halkymyzyň taryhy ýazgylarynda, çeper eserlerde, goşgudyr şygyrlarda giňden wasp edilýär. Meselem, halkymyzyň dürdäneli eserleriniň biri bolan “Görogly” şadessanynda Gyrat boýdan-başa hereket edýär. Ol demir donly Göroglynyň hemişelik syrdaşy, baky hemrasy. Ol Gyratyny “Perzent dilemedim, seni diledim” diýip söýýär.

“Gorkut-ata” eposynda hem bedewler hakynda aýratyn bap berilýär, onda olara hemişe eserdeň garalmalydygy nygtalýar. Ussat Magtymguly Pyragydan başlap, Seýdi, Mätäji, Mollanepes, Misgingylyç ýaly beýik söz ussatlarynyň hem olaryň taýsyz gözelligine ençeme şygyrlary bagyş edendigi mälimdir.

Bedewler türkmen aýdym-saz sungatynda hem uy tarypnama eýedir. Muňa türkmen aýdym-saz sungatyny bezäp gelýän “At çapan”, “Atçapar”, “Göroglynyň at oýnadyşy” atly halk sazlaryny görkezmek bolar. Türkmen kino sungatyndaky “Meniň dostum Meleguş” çeper filmi hem bu ugurda ýatlanyp geçilmegine mynasypdyr.

Ajaýyň döwrümizde özüniň gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan türkmen bedewiniň çeper keşbini ýurdumyzyň çeper döredijilik wekilleriniň arasynda taryp edilmegi bolsa aýratyn many-mazmuna eýedir. Olar öz nakgaşlyk eserlerinde, heýkellerde, haly we haly önümlerinde janlandyryldy. Şeýle işleriň hatarynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň hünärli ellerinden çykan işleri aýratyn ýatlap geçmek bolar.

Halypa heýkeltaraşyň işleriniň içinde “Arkadag” binasy aýratyn orny eýeleýär. Bu heýkelde Gahryman Arkadagymyz özüniň syn-syýakly bedew atyna atlanan keşbi haýrana goýýar. Altynsöw reňkli heýkelde mähriban Arkadagymyzyň ýokary galan goluna gonan kepderi aýratyn mana eýe.

Paýtagtymyzyň keşbine görk berýän bedew atlaryň heýkelleriniň hatarynda heýkeltaraşyň 2008-nji ýylda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gidilýän  şaýoluň çatrygynda bina edilen döreden “Oguz hanyň arzuwy – halkyň agzybirligi” atly heýkel işini, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň binasynyň girelgesindäki 2011-nji ýylda döredilen bedewleriň heýkelini, 2014-nji ýylda döredilen “Polatly”, 2017-nji ýylda döredilen Atly ýigidiň hem-de Atly gyzyň heýkelini, 2024-nji ýylda döredilen “Ýanardag” heýkelini, Arkadag şäherini bezäp oturan “Arkadag Binasy”, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň hormatyna ýasan “Akhan” binasyny görkezmek bolar.

Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşleriniň bedew badyna deňelýär. Milli Garaşszylygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň belleniljek şu ýyly bolsa “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip jaýdar şygara eýe boldy.

Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny belende götermek babatda durmuşa geçirýän işleri hemişe dowamata ýar bolsun.

                                                                                Gülsoltan AKMYRADOWA,

Gyzylarbat etrabyndaky Meretgeldi Garaýew adyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy.

Ýene-de okaň

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün

Ýylyň şygary – milli buýsanjymyzyň ykrary