SPORT

Santos Polşanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiliginden boşadyldy

Ozal Portugaliýanyň milli ýygyndysyna tälim beren Fernando Santoş Polşanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Muňa ýygyndysynyň Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda görkezen şowsuz netijeleri sebäp boldy.

Portugal tälimçi Polşanyň ýygyndysyna tälimçi bolmak mümkinçiligi döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Polşanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Santos şu ýylyň ýanwar aýynda bu ýygynda tälimçi wezipesine bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda Polşanyň ýygyndysy 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda 3 duşuşykda ýeňlip, 2 duşuşykda ýeňiş gazandy.

Polşa “E” toparçasynda 5 tapgyryň netijesinde boýunça 6 utuk jemläp, Moldowa, Çehiýa we Albaniýa ýaly döwletlerden yza galdy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler