BILIM

Sanly ykdysadyýet boýunça wideoşekilli sapaklar döredilýär

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýeti ösdürmek bolup durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek işi köp halatda döwlet gullukçylaryň bu ugurdan taýýarlyk derejesine bagly bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy döwlet gullukçylary okatmakda, hünärini ýokarlandyrmakda we kämilleşdirmekde, esasanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran 984-nji Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna”  laýyklykda sanly dolandyryş boýunça olaryň başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe işleriň amala aşyrylmagyny üpjün edýär.

Bu işleri Döwlet gullugy akademiýasy BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylan “Türkmenistanyň  Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna ýardam bermek” atly taslamasynyň çäginde Sanly dolandyryş ugry boýunça magistr taýýarlygy okuw maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, Akademiýa sanly özgertmeleri netijeli durmuşa geçirmegi başarýan döwlet gullukçylary taýýarlamak maksady bilen ornaşdyran täze Sanly dolandyryş okuw maksatnamasy boýunça ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” atly taslamasynyň çäginde birnäçe wideoşekilli okuw sapaklary taýýarlady.

Ýokary hilli wideoşekilli sapaklary döretmek adaty sapaklara taýýarlanmakdan has köp zähmeti talap edýär. Bu sapaklary döretmek üçin köp wagt sarp edilse-de, adaty sapaklara garanyňda talyplar we diňleýjiler üçin örän gyzykly we peýdaly bolýar. Okuwy baýlaşdyrjak ýokary hilli wideoşekilli sapaklary döretmek üçin degişli gurallary saýlamak, gerekli ýeri tapmak, türgenleşik geçmek we başga-da köp zatlary, has takygy, tejribeli mugallymyň bolmagyny talap edýär.

Wideoşekilli sapaklar – endikleri ösdürmegiň, okatmagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we hünäri ýokarlandyrmagyň netijeli guralydyr. Bular ýaly wideoşekilli sapaklar talyplaryň we diňleýjileriň ünsüni pugtalandyrýar, bilesigelijiligini artdyrýar, hünär bilimini kämilleşdirmäge, käbir düşünjeleri giňişleýin düşündirmäge, uzak aralykdan okuw sapaklary guramaga ýardam berýär.

Sanly dolandyryş okuw maksatnamasy boýunça sanly okuw maglumatlaryň döredilmegi maglumat tehnologiýalary özleşdirmekde talyplaryň, diňleýjileriň we mugallymlaryň öňünde duran esasy bilim zerurlyklaryny üpjün edýär.

Ýene-de okaň

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim edaralarynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

ABŞ Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýar

Salgyt hukugy magistr derejesi boýunça Amerikanyň iň gowy 10 kukuk mekdebi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen VSO halkara guramasynyň wekilleri duşuşdy

Özbegistanda türki döwletleriň halkara uniwersiteti dörediler