SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanly pasport ulgamyny durmuşa geçirýär

Finlýandiýa täze pasport düzgünnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýar. Dünýäde ilkinji bolup, bu ýurtda sanly pasport ulgamyny durmuşa geçirmek babatda synag amala aşyryldy.

Ýurduň ýolbaşçy düzümi sanly syýahat resminamasynyň adaty pasportlar ýaly ygtybarly resminama bolup biljekdigini bellediler.

Täze ulgam hem-de täze düzgünnama esasynda Finlýandiýanyň raýatlary Angliýa amala aşyrýan uçar gatnawlarynda “akylly” telefonlaryndaky sanly şahsyýetnama resminamasyny görkezip, gezelent etmegine mümkinçilik döredildi.

Sanly pasport ulgamy Finlýandiýanyň awiakompaniýasynyň Helsinkiden London, Edinburg we Mançester şäherlerine amala aşyrylan gatnawlarda synagdan geçirildi.

Fewral aýyna çenli dowam etjek synag döwründe bu ulgamdan peýdalanmak isleýänler barmak yzy hem-de ýüzden tanamak üçin bir gezekligine hasaba durmak ýeterli bolup durýar.

Uçar gatnawynyň wagtyndan 4 sagat ozal, Finlýandiýanyň serhet gözegçilik nokadyna “akylly” telefon goşundysy arkaly maglumat ibermek ýeterlik bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar