TEHNOLOGIÝA

«Sanly çözgüt-2023» innowasion taslamalar bäsleşigine taýýarlyk görülýär

Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada  hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutany «Sanly çözgüt — 2023» innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullady hem-de onuň ýaşlaryň zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyny belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzda indi birnäçe ýyldan bäri «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu bäsleşigiň jemleri her ýyl ýurdumyzda geçirilýän «Türkmentel» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde jemlenýär.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi