SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjymyň 3-nji dozasyny almak maslahat berilýär

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi, Milli saglyk institutlary we Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri “Pfizer” we “Moderna” sanjymy bolanlara ikinji dozasyndan 8 aýdan soň üçünji dozany almagy maslahat berdiler.

ABŞ-nyň hökümeti täze görnüşli koronawirus (Kowid-19) sanjymlarynyň üçünji dozasynyň 20-nji sentýabrdan başlap, urlup başlanjakdygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerini dolandyryş müdirliginiň, Milli saglyk institutlarynyň we Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň bilelikdäki beýanatynda wirusa garşy “Pfizer” we “Moderna” sanjymyny alan amerikalylara ikinji dozadan 8 aýdan soň üçünji dozany almak maslahat berildi.

Beýanatda “Pfizer” we “Moderna” sanjymlarynyň üçünji dozalarynyň 20-nji sentýabrdan başlajakdygy aýdyldy.

Şeýle hem beýanatda “Kowid-19”-a garşy sanjymlarynyň agyr kesellerden, hassahana ýerleşdirilmeginden, hat-da wirusyň “Delta” görnüşine garşy ýokary goragy üpjün edýändigi habar berildi.

 

Halkara audit: okuw kurslaryna çagyrýar

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar